Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygy mynasybetli guralýan dabaralar, aýdym-sazly medeni çäreler ýurdumyzyň ähli künjegini toý ruhubelentligi bilen gurşap alýar. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny dabaralandyrýan bu çäreler döwletli döwranymyzyň, ajaýyp zamanamyzyň ruhy joşgunyna öwrülip, bagtyýar halkymyza buýsanç, göwünlere ylham bagyşlaýar.
Ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň guramagynda geçirilýän «Medeniýet we sungat» atly festiwalyň mysalynda hem muňa has aýdyň göz ýetirmek bolýar. Bu festiwal diňe bir medeni çäreleriň ýaýbaňlandyrylmagy däl-de, eýsem, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adam hakynda edilýän ägirt uly aladalaryň aýdyň güwäsidir.
Her ýyl bir welaýatda geçirilmegi asylly däbe öwrülen, saglyk taýdan mümkinçiligi çäkli raýatlaryň gatnaşmagynda ýaýbaňlandyrylýan medeniýet we sungat festiwaly «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Daşoguz welaýatynda badalga aldy. Festiwalyň açylyş dabarasy Şabat etrabynyň Altyn ýol geňeşliginiň Dilewar oba medeniýet öýünde geçirildi. Oňa Aşgabat şäherinden hem-de ýurdumyzyň ähli welaýatlaryndan gelen aýdym-saz toparlary, ýagny Türkmenistanyň Körler we kerler jemgyýetiniň görüş we dil-eşidiş taýdan şikesli agzalary, şeýle hem welaýatyň ýaşaýjylary, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar.
Dabarada çykyş edenler ýurdumyzda milli medeniýetimizi we sungatymyzy ösdürmek, saglyk taýdan mümkinçiligi çäkli raýatlarymyzyň döredijiligine goldaw bermek, olaryň arasyndan ýaş zehinleri ýüze çykarmak babatda ägirt uly işleriň amala aşyrylýandygy hakynda buýsanç bilen belläp geçdiler. Açylyş dabarasynyň dowamy aýdym-sazly, şowhunly çykyşlar bilen utgaşdy. Görüş taýdan şikesli aýdymçylar Gudrat Erkäýew, Altynjemal Amanowa, Wepa Aşyrdurdyýew, Muhammet Sapargeldiýew, Yhlas Suwhanow, Çynar Mämetorazowa dagy täze taryhy döwürde amala aşyrylýan il-ýurt bähbitli işleri, gözel Diýarymyzy wasp edip, aýdym aýtdylar. Gülşat Ýagmyrowa, Göwher Arazmedowa ýaly çeper höwesjeňler ajaýyp döwrümize bolan ýürek buýsançlaryny şahyrana setirlerde beýan etdiler. Ogulnur Toýlyýewa, Gurbandurdy Käbäýew, Arzuw Meredow, Gudrat Erkäýew, Altynjemal Amanowa dagynyň taýýarlan degişme sahnalary dabaranyň şowhunyny artdyrdy. Görüş we dil-eşidiş taýdan maýyplygy bolan çeper höwesjeňleriň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanylan edebi-sazly çykyşlar, şowhunly tanslar dabaranyň mazmunyny baýlaşdyrdy.
Festiwalyň ikinji gününiň dabaralary Şabat etrap medeniýet merkezinde ýaýbaňlandyrylan Balkan welaýatynyň çeper höwesjeňler toparynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen badalga aldy. Şonuň ýaly-da, welaýat saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumynyň mejlisler zalynda Lebap welaýatynyň, Görogly etrap medeniýet merkezinde Mary welaýatynyň, «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkeziniň aýdym-saz merkezinde Aşgabat we Ahal welaýatynyň çeper höwesjeňleriniň şowhunly aýdym-sazly çykyşlary ýaýbaňlandyryldy.
Festiwalyň üçünji güni hem şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslendi. Giň gerimli medeni çäräniň meýilnamasyna görä, bu gün Garaşsyzlyk etrap medeniýet merkeziniň sahnasynda Mary welaýatynyň çeper höwesjeňleri zehinlerini, ukyp-başarnyklaryny görkezip, tomaşaçylara şowhunly çykyşlary bilen ruhy lezzet paýladylar. Boldumsaz etrap medeniýet merkezinde guralan welaýatymyzyň çeper höwesjeňleriniň çykyşlary hem ýatda galyjy pursatlara baý boldy. Aşgabat we Ahal welaýatynyň höwesjeňleri hem baý mazmunly medeni çykyşlary bilen Gubadag etrap medeniýet merkeziniň sahnasyny bezediler. Festiwala gatnaşýan balkanly çeper höwesjeňler «Bagtyýar nesil» çagalar sagaldyş we dynç alyş merkezinde öz çykyşlaryny guradylar.
Medeniýet we sungat festiwalynyň baý mazmunly, giň gerimli meýilnamasy boýunça welaýatyň etrapdyr şäherlerinde guralýan şowhunly çäreler gyzgalaňly dowam edýär.