Ruhy bitewüligiň baýramy
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Ruhy bitewüligiň baýramy

Jemgyýet
28.05.2026  40

Milli senenamamyzda mynasyp orun alan Gurban baýramy ynsan kalbynyň tämiz ruhy gözelliklerini berkidýän baýramlaryň biri hökmünde aýratyn ähmiýete eýedir. Däp-dessurlaryna gadyr goýýan halkymyz şu ýyl hem bu baýramy uly ruhubelentlige besläp garşy aldy. Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda üç günläp dowam edýän baýramçylyk mynasybetli guralýan dabaralardaky köpöwüşginli pursatlar halkymyzyň milli ýörelgelerine ygrarlylygynyň aýdyň subutnamasyna öwrülýär.

Baýramyň ikinji gününde Daşoguz welaýatynyň welaýat merkezindäki «Türkmeniň ak öýi» binasynyň baýramçylyk meýdançasynda, Andalyp şaýolunyň ugrundaky seýilgähde, “Galkynyş” seýilgähinde, Daşoguzyň ýazky aýdym-saz merkezinde, şeýle-de welaýatyň ähli etraplaryndaky dynç alyş seýilgählerinde guralan dabaralar baý many-mazmuna eýe boldy. Olarda ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlar, şäher, etrap medeniýet bölümleriniň, sungat we çeperçilik mekdepleriniň guramagynda ýaýbaňlandyrylan el işleriniň, milli hünärmentçilik, senetçilik, amaly-haşam sungatynyň sergileri gezelenje çykan ildeşlerimiziň baýramçylyk şatlygyny goşalandyryp, kalplaryny egsilmez buýsanja besledi.

Baýramçylyga mahsus aýratynlyklaryň biri bolan hiňňildikleriň töweregi hem köp adamly boldy. Ýürek joşduryjy pursatlar berkarar döwletimizde ata-babalarymyzdan miras galan milli gymmatlyklarymyzyň sarpalanýandygynyň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.

 

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Keşdeçiler bäsleşdiler
04.11.2025   141
Jemgyýet Bagtyýar ýaşaýşyň kepili
25.07.2024   369
Jemgyýet Saglyk ulgamynyň ösüşli menzilleri
10.01.2025   350
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlanylan sergi
26.10.2024   314
Jemgyýet Halk döredijiligi — egsilmez hazyna
03.06.2024   803
Jemgyýet Bütindünýä immunizasiýa hepdeligine
25.04.2026   48
Jemgyýet Zenan saglygy ugrunda
23.02.2023   409
image