Ruhubelentlige beslenen dabaralar
weather dashoguz 25° C Daşoguz

Ruhubelentlige beslenen dabaralar

Jemgyýet
05.04.2024  30

Ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynyň etrapdyr şäherlerinde aprel aýynyň ilkinji günlerinden giňden ýaýbaňlandyrylan Bütindünýä saglyk gününiň dabaralary şatlyk-şowhuna, uly ruhubelentlige beslendi. Güneşli Diýarymyzyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň mekanydygy hakyndaky hakykat Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçirilen medeni-sport,wagyz-nesihat çäreleriň, dabaralaryň mazmunynda we gyzgalaňly geçen sport ýaryşlarda aýdyň şöhlelendi.

Baýramçylyk mynasybetli Daşoguz welaýat köpugurly hassahanasynyň, «Daşoguz» şypahanasynyň, TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşdirilen 25-nji orta mekdebiň mejlisler zalynda guralan maslahatlarda ýurdumyzda saglygy goraýyş, sport ulgamyny galkyndyrmak babatda durmuşa geçirilýän ägirt uly tagallalar hakynda buýsançly çykyşlar edildi. Ruhubelent, Görogly, Şabat etrap sport toplumlarynda, Gubadag şäher sport desgasynda sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaýbaňlandyrylan ýaryşlar jemgyýetimize sagdyn durmuş ýörelgeleriniň giňden ornaşýandygyna aýdyň güwä geçýär.

Welaýatda Bütindünýä saglyk güni mynasybetli geçiriljek çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda, Daşoguz şäherindäki on müň orunlyk sport toplumynda ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň zenan mugallymlarynyň arasynda geçirilen sportuň woleýbol, basketbol, düzzüm, şaşka görnüşleri boýunça ýaryşlar hem gyzgalaňly häsiýete eýe boldy. Sportuň bu görnüşleri boýunça ýaryşlar welaýatyň çägindäki ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda hem geçirildi. Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň ýaýbaňlandyrylmagyna, sport bilen meşgullanýanlaryň sanynyň artdyrylmagyna, sportuň we köpçülikleýin bedenterbiýäniň wagyz edilmegine gönükdirilen ýaryşlaryň dowamynda ezber türgenler ýüze çykaryldy. Ýaryşda ýeňiş gazanan toparlar hem-de türgenler Hormat hatlary we baýraklar bilen sylaglanyldy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Atlar bilen bagly aýtgylar
22.04.2024   13
Jemgyýet Şanly ýylyň şanyna
22.02.2023   27
Jemgyýet Bäsleşigiň welaýat tapgyry
11.05.2024   13
Jemgyýet Watanyň mertebe tugy
09.03.2024   67
Jemgyýet Ýaş lukmanyň täzeçil gözlegleri
30.04.2024   28
Jemgyýet Sähradaky haýyrly işler
16.03.2024   51
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi geçirildi
11.04.2024   19
image