Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, ýaş nesle berilýän bilimiň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen, giň gerimli işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Golaýlap gelen 2024-2025-nji täze okuw ýyly hem bilim ulgamynyň ösüşinde möhüm tapgyrlaryň birine öwrüler. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly wakalary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirjek Bilimler we talyp ýaşlar gününiň dabaralary ýurdumyzda milli bilim ulgamynyň kämilleşdirilmegi babatynda durmuşa geçirilýän özgertmeleriň üstünlikli amal edilýändiginiň nyşany bolar. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 25-nji maýynda «Türkmenistanda umumybilim maksatnamalary boýunça okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmegiň 2028-nji ýyla çenli Konsepsiýasyny tassyklamak hakyndaky» Karary bilim ulgamynda okatmagyň usulyýetini kämilleşdirmekde möhüm ädim boldy.
Bilşimiz ýaly, indi birnäçe ýyllardan bäri orta mekdepleriň birinji synpyna okuwa barýan okuwçylara ýurdumyzda öndürilen «Bilimli» atly noutbuk kompýuterleri gowşurylýar. Sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň konsepsiýasyna laýyklykda durmuşa geçirilýän bu işler ösüp gelýän ýaş nesliň döwrebap tehnologiýalardan oňat baş çykarmagyna giň mümkinçilikleri döredýär. Häzirki wagtda täze okuw ýylynyň öňýanynda bu kompýuterler ýurdumyzyň ähli ýerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynyň hem umumybilim berýän edaralaryna gelip gowuşdy. Ýeri gelende bellesek, şu okuw ýylynda welaýatda birinji synpa jemi 34 müňe golaý okuwçynyň gelmegine garaşylýar.
Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy giňden bellenilýän şanly ýylda welaýatyň umumybilim edaralaryna ýokary we orta hünär bilimli ýaşlaryň müňe golaýy işe geldi. Ýurdumyzyň ýokary, orta hünär okuw mekdeplerini tamamlan ýaş hünärmenler häzirki wagtda mugallymçylyk işine başladylar.
Täze okuw ýylynyň öňýanynda bilim işgärleriniň kämilleşmegini gazanmak, birek-birek bilen tejribe alyşmagyny üpjün etmek maksady bilen, awgust maslahatlary üstünlikli geçirildi. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen ajaýyp şygar bilen geçirilen maslahatlara bilim işgärleri işjeň gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň ugrukdyryjy gözükdirmelerine laýyklykda, bilim edaralarynda işler guramaçylykly ýola goýuldy. 2024-2025-nji okuw ýylynyň ilkinji okuw sapagyny ähli bilim edaralarynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen tema esasynda guramak meýilleşdirilýär. Bu bolsa ýaş nesillerde akyldar şahyrymyzyň döredijilik mirasyna bolan söýgini artdyrmakda hem-de olary watansöýüjilik ruhunda terbiýelemekde möhüm ähmiýete eýe bolar.