Röwşen geljegimiziň binýady
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Röwşen geljegimiziň binýady

Jemgyýet
10.12.2024  382

Halkara Bitaraplyk güni hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygy mynasybetli golaýda Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda «Bitaraplyk — röwşen geljegimiziň baky binýady» atly dabaraly maslahat geçirildi. Maslahata welaýat, şäher, etrap häkimlikleriniň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat boýunça wekilhanasynyň, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, bilim, saglygy goraýyş, sport, medeniýet ulgamlarynyň işgärleri, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan adamlar, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatda, ilki bilen, welaýat häkiminiň orunbasary Ogulaltyn Çerkezowa çykyş edip, Watanymyzyň hemişelik Bitaraplygynyň 29 ýyllygy bilen gutlap, ata Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesiniň tutuş dünýäde halklaryň arasyndaky dost-doganlygy, parahatçylygy, hoşniýetli gatnaşyklary pugtalandyrmakdaky ähmiýeti dogrusynda giňişleýin belläp geçdi.

Şeýle-de maslahatda çykyş edenler Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplygynyň tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň we bagtyýar geljegiň bähbitlerine gönükdirilen dost-doganlyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik ýörelgeleriň esasynda bu günki gün Ýer ýüzünde abadançylygy hem ösüşi pugtalandyrýandygy barada gürrüň etdiler. BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Bitaraplyk hukuk derejesi iki gezek ykrar edilen Garaşsyz döwletimiziň dünýä ähmiýetli başlangyçlary, olaryň esasynda kabul edilen çözgütler,olaryň üstünlikli durmuşa geçirilişi dogrusynda uly buýsanç bilen aýdyp geçildi.

Maslahatyň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň dürli halklaryň ajaýyp aýdymlaryny belent owaz bilen ýerine ýetirmekleri maslahata gatnaşyjylara ruhy lezzet paýlady.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Asuda ýollar — bagtyýar iller
25.09.2026   53
Jemgyýet Dabaraly maslahat geçirildi
17.07.2026   106
Jemgyýet Bosagada — täze okuw ýyly
17.08.2026   72
Jemgyýet Belent hormatyň dabaralanmagy
06.03.2026   115
Jemgyýet Geljegimiziň ak ýoly
16.09.2026   45
Jemgyýet Ýüpekçilik
22.05.2026   125
Jemgyýet Röwşen geljegiň binýady
30.08.2024   601
image