Röwşen geljege aýdyň ýol
weather dashoguz 39° C Daşoguz

Röwşen geljege aýdyň ýol

Jemgyýet
19.08.2024  397

«Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň, Daşoguz şäher medeniýet merkeziniň bilelikde guramagynda «Türkmenistanyň Halk Maslahaty — beýik başlangyçlara badalga» atly dabaraly maslahat geçirildi. TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň uly mejlisler zalynda geçirilen maslahata döredijilik işgärleri, KA-nyň işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatda çykyş edenler ata-babalarymyzyň döwletli ýolunyň täze taryhy eýýamda has-da rowaçlanýandygy, şöhratly pederlerimiziň geňeş etmek, halka sala salmak ýaly asylly ýörelgeleriniň dabaralanýan ajaýyp döwründe alnyp barylýan il-ýurt bähbitli işler dogrusynda belläp geçdiler. Welaýatda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine taýýarlyk görlüşi, onda jemgyýetçilik durmuşyna degişli wezipeleriň ara alnyp maslahatlaşylýandygy, il-ýurt bähbitli döwletli çözgütleriň kabul edilýändigi dogrusynda belläp geçdiler. Halk Maslahatynyň döredilmeginiň taryhy ähmiýetini ilat arasynda wagyz etmekde jemgyýetçilik guramalarynyň giň gerimli işleri durmuşa geçirýändikleri barada aýtdylar.

Maslahatyň dowamynda şäher medeniýet merkeziniň aýdym-saz toparynyň çykyşlaryna giň orun berildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Ýollarymyz abadan bolsun!
11.09.2025   211
Jemgyýet Baş baýramyň şanyna
09.09.2025   200
Jemgyýet Zähmete sarpanyň dabaralanmasy
13.12.2024   350
Jemgyýet Sagdyn durmuş wagyz edildi
21.06.2024   438
Jemgyýet Wagyz-nesihat işleriniň ähmiýeti
02.06.2026   79
Jemgyýet Gülleri görkana, elleri çeper
04.07.2024   426
Jemgyýet Çäksiz hoşallygyň ruhubelentligi
12.08.2025   237
image