TZB-niň Daşoguz welaýat bölüminiň guramagynda welaýat häkimliginiň kiçi mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Halk Maslatynyň mejlisini guramaçylykly geçirmek boýunça öňde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak we bu syýasy çäräniň ähmiýetini wagyz etmek maksady bilen geçirilen maslahata Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, edara-kärhanalaryň zenan ýolbaşçylary, ilkinji zenanlar guramalarynyň işjeň agzalary, mährem eneler gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler her ýyl geçirilmegi däbe öwrülen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisiniň halkymyzyň arzuw-isleglerini, tekliplerini öňe sürmek, aýdyň maksatlary çuňňur oýlanyşykly amala aşyrmak, raýatlaryň bagtyýar, eşretli durmuşyny üpjün etmek boýunça täze wezipeleri kesgitleýändigi bilen gymmatlydygy barada buýsanç bilen belläp geçdiler. Umumymilli forumyň ýurdumyzyň baş baýramy — Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk baýramy bilen utgaşyklylykda geçirilmeginiň döwlet berkararlygymyzyň, ata Watanymyzyň geljeginiň binýadyny berkitmek babatda ähmiýetiniň uludygy nygtaldy.