Rowaçlygyň mekany
weather dashoguz 29° C Daşoguz

Rowaçlygyň mekany

Jemgyýet
02.10.2024  180

Garaşsyz, özygtyýarly berkarar döwlet gurmak baradaky arzuwlary halkymyz ýüzýyllyklaryň dowamynda kalbynda ezizläp saklapdyr, ýagty ertirleri arzuw edipdir. Oňa şöhratly taryhymyza ser salanyňda hem aýdyň göz ýetirýärsiň. Garaşsyz, özygtyýarly bolup ýaşamagyň gadyryny oňat bilýän halkymyzyň ata-babalardan gelýän asylly däpleri bar.

Agzybir ýaşamak, dost-doganlygy berkitmek, ata-enäni arzylamak, myhmany sarpalamak, halal zähmet çekmek ýaly asylly häsiýetler halkymyzyň döwletlilik ýörelgelerinden, milli ruhyýetinden gözbaş alýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýylynyň içinde ýurdumyzda amala aşyrylan işler, durmuşa geçirilýän belent tutumlar buýsançly göwnüňi has-da joşdurýar, yhlasly zähmet çekmäge, Diýarymyzyň ösüşlerine öz mynasyp goşandyňy goşmaga ruhlandyrýar. Gurulýan ýollar, bina edilýän ymaratlar, durmuşa geçirilýän beýik özgertmeler halkymyzyň geljekde-de bagtyýar durmuşda ýaşamagy üçin edilýän uly aladalardyr. Bularyň ählisi mukaddes Garaşsyzlygymyzyň halkymyza eçilýän miweleridir.

Özbaşdak, agzybir, erkin türkmen döwletini döretmek, halky bir supranyň başyna jem etmek meselesi söz äleminiň ägirdi Magtymguly Pyragynyň eserlerinde-de öz beýanyny tapýar. Şygryýetiň ussady Magtymguly Pyragy:

Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz —

diýip, halka bir supranyň başyna jemlenmegi, bir agza bakmagy ündeýär. Halkymyz beýik akyldaryň arzuw eden Garaşsyz, özbaşdak döwletinde, bagtyýar, abadan durmuşda ýaşaýar. Hydyr gezen türkmen topragyna baky ýaz bolup gelen Garaşsyzlygy zehinli şahyrymyz Atamyrat Atabaýew şeýle wasp edýär:

Goý, güller açylsyn sähraň ýüzünde,
Asmanam, goý, rehnet
nuruny seçsin!
Müň dokuz ýüz togsan biriň güýzünde,
Türkmenistan — ata mekan Garaşsyz.

Şöhrat-şana beslenen «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda agzybir halkymyz Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk toýuny toýlamaga taýýarlyk görýär. Şeýle bagtyýarlyga beslenen ajaýyp döwletde ýaşamak, okamak, zähmet çekmek, döretmek we gurmak ýurdumyzyň bagtyýar raýatlary üçin uly bagtdyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Okuw maslahaty guraldy
18.03.2024   237
Jemgyýet Kadalary berjaý etmek möhümdir
08.07.2024   199
Jemgyýet Dabaraly duşuşyk
12.02.2023   177
Jemgyýet Tomus — 2025
20.06.2025   63
Jemgyýet Halk Maslahaty: beýik işlere badalga
08.10.2024   177
Jemgyýet Zähmete sarpanyň dabaralanmasy
13.12.2024   149
Jemgyýet Ganatly bedewleriň waspy
26.04.2024   245
Jemgyýet Kanagat
30.12.2024   128
image