Rowaçlanýan ýörelge
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Rowaçlanýan ýörelge

Jemgyýet
06.12.2025  219

Täze taryhy döwürde jemgyýetiň sagdynlygy, parahat hem abadan ýaşaýşy möhüm wezipeleriň biri bolmagynda galýar. Haçanda, jemgyýetde sagdyn durmuş rowaçlananda, döwletiň ösüşine bedew bady miýesser bolýar.

Ähli pudaklara dünýäniň iň ösen tehnologiýalary ornaşdyrylýar, halkyň, hususan-da, ýaşlaryň aň-düşünje kämilliginiň berkemegine uly mümkinçilikler döredilýär. Oňa utgaşyklylykda sagdyn durmuş ýörelgeleriniň hem rowaçlandyrylmagy jemgyýetde sazlaşykly ösüşiň kemala gelmegine esas bolýar. Munuň anyk hakykaty döwrümize şan berýän beýik işleriň mysalynda has aýdyň duýulýar. Halkyň ýaşaýyş gurşawynda sagdyn durmuş maksatly bina-desgalaryň hyzmatynyň giň gerimliligi, şeýle hem ynsan saglygyna zyýanly täsirini ýetirýän ýaramaz endiklere garşy barlyşyksyz göreşiň güýçlendirilmegi özboluşly sazlaşyp, häzirki wagtda jemgyýetiň sagdyn durmuşynyň berkarar bolmagyny üpjün edýär.

Ýurdumyzda sagdyn durmuş ýörelgesiniň, bedenterbiýäniň we sportuň rowaçlanmagy ynsan saglygyna ýaramaz täsirini ýetirýän arakhorluk, neşekeşlik ýaly näletlenilýän närselere garşy alnyp barlan işleriň netijeliligini artdyrdy. «Raýatlaryň saglygynyň temmäki tüssesiniň täsirinden we temmäki önümlerini ulanmagyň netijelerinden goralmagy hakynda», «Alkogolyň zyýanly täsiriniň öňüni almak hakynda», «Raýatlaryň saglygynyň goralmagy hakynda» Türkmenistanyň Kanunlary bu ugurdaky işleriň hukuk binýady bolup durýar.

Bedew bady bilen ösüp barýan ýurdumyza diňe halal hem tutanýerli işler ýaraşýar. Öňde goýlan asylly maksatdan rowaçlanýan durmuşymyzy, jemgyýetimizi goramak her birimiziň ynsanlyk borjumyzdyr. Bu ugurda hukuk goraýjy edaralaryň öňünde hem uly wezipeler durýar. Şu nukdaýnazardan, dürli jenaýatlaryň ýüze çykmagynyň öňüni almak, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek çärelerine yzygider häsiýet berilýär. Bu bolsa, ilatyň, hususan-da, ýaşlaryň döredilýän mümkinçiliklerden we şertlerden netijeli peýdalanyp, ýurdumyzyň ösüşlerine mynasyp goşant goşmak baradaky ynsanlyk borjuny has-da pugtalandyrýar.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bedew atyň tarypyny aýdaly
15.04.2024   530
Jemgyýet Çagany ýaşdan...
04.06.2024   453
Jemgyýet Şanly ýylymyza bagyşlanan maslahat
09.01.2025   353
Jemgyýet Baky bagtyň mekany
16.02.2026   150
Jemgyýet Ak öýleriň bezegi
18.02.2025   363
Jemgyýet Baky Bitaraplygymyzyň 29 ýyllygyna
22.11.2024   474
image