Şeýle at bilen Daşoguz welaýatynyň «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň TKA-nyň welaýat birleşmesi bilen bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylyny hem-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllygyny dabaralandyrmak maksady bilen, TKA-nyň mejlisler zalynda geçirilen söhbetdeşlik taryhy pursatlaryň mazmunyny has-da baýlaşdyrdy. Oňa Mejlisiniň deputaty Ýeňiş Haýytjanow, «Daşoguz habarlary» gazetiniň habarçysy Gunça Artykowa, TKA-nyň welaýat birleşmesiniň guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň başlygy Gylyçdurdy Haýdarow, şol bölümiň esasy hünärmeni Güljemal Nazarowa, pudaklar boýunça utgaşdyryjylary Jumagül Hojaýewa, Mämmetdurdy Muhammedow dagy gatnaşdylar.
Söhbetdeşligiň dowamynda döwlet berkararlygymyzyň ýyllary içinde ýurdumyzyň ýeten belent derejesi, Garaşsyz Türkmenistanyň ösen ykdysady kuwwatly döwlete öwrülip, dünýä giňişliginde ornuny barha pugtalandyrýandygy dogrusynda buýsanç bilen nygtaldy. Ajaýyp şygarly ýylymyzda şanly senäniň şanyna durmuşa geçirilýän döwletli işleriň halkyň abadan we parahat ýaşaýşyny mundan beýläk-de üpjün etmäge, ýurdumyzyň abraý-mertebesini çuňlaşdyrmaga gönükdirilendigi barada aýdyldy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýuny ýokary derejede garşylamakda öňde durýan wezipeler dogrusynda özara pikir alşyldy.