Häzirki döwürde Diýarymyzyň çäklerinde 9 sany döwlet-tebigy goraghanalary hereket edýär. Olaryň hatarynda 2023-nji ýylda ÝUNESKO-nyň degişli komitetiniň Karary bilen guramanyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizilen «Repetek» döwlet biosfera goraghanasy hem bar. Lebap welaýatynyň günorta künjeginde, ymgyr Garagum çölüniň jümmüşinde ýerleşýän bu goraghanada hem Garaşsyz ýurdumyzyň gözel tebigatynyň ösümlik, haýwanat, guşlar dünýäsini goramak, baýlaşdyrmak ugrunda uly işler amala aşyrylýar.
Belli bolşy ýaly, bu goraghana ata Watanymyzyň sähra-meýdanlarynda ilkinji döredilen goraghanalaryň biri bolup, irki wagtlardan, has anygy, 1927-nji ýyldan bäri iş alyp barýar. Onuň 1979-njy ýylda ÝUNESKO-nyň «Adam we biosfera» halkara sazlaşdyryjy geňeşiniň Karary bilen halkara biosfera goraghanalarynyň hataryna goşulandygyny hem aýtmak gerek. Şonda bu çözgüdiň biragyzdan kabul edilmegi goraghanada berjaý edilýän çäreleriň dünýä derejesinde ähmiýetiniň uludygyny tassyklaýar. Häzirki wagtda goraghananyň çäkleriniň dünýäniň ekoulgamlarynyň esasylarynyň hatarynda durýandygyny ýokarda agzalan çözgüt doly äşgär edýär.
Goraghananyň umumy meýdany 35 müň gektara golaý bolup, onuň çäklerinde «Repetek sährasy», «Çarlak tokaýy», «Demirgazyk jülgesi», «Ýaman tokaý», «Günorta jülgesi» diýlip atlandyrylýan ýerler bar. Olaryň ösümlik, haýwanat, guşlar dünýäsi örän baýdyr. Bu barada aýdylanda, bir zady aýratyn bellemek gerek. Ol hem goraghananyň çäklerinde kömelekleriň 200-e, gülli ösümlikleriň 125-e, suwotularyň 70-e golaý görnüşleriniň gabat gelýändigidir. Olaryň sanynyň başga ýerlerdäkä garanyňda has köpdügi ünsi çekýär.
Şonuň ýaly-da, bu ýerde Tebigaty Goramagyň Halkara Birleşiginiň Gyzyl sanawynda hem-de Türkmenistanyň Gyzyl kitabynda hasaba alnan ösümlikleri, haýwanlary, guşlary goramak, olaryň sanyny artdyrmak boýunça aýratyn uly işler durmuşa geçirilýär. Olardan keýik, garagulak, oklukirpi, zemzen, kepjebaş, ýylançy gyrgy, togdary, hüwi we beýlekiler bar. Goraghananyň çäkleriniň başga ýerlerde gabat gelmeýän görnüşleri, özboluşly gurluşy olaryň doly bahaly ýaşaýşyny üpjün edýär.