Raýat goranyşyna bagyşlanyldy
weather dashoguz 26° C Daşoguz

Raýat goranyşyna bagyşlanyldy

Ykdysadyýet
25.01.2023  402

Welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň bilelikde guran, adatdan daşary ýagdaýlarda berjaý edilmeli düzgünlere bagyşlanylan wagyz-nesihat duşuşygy işjeň ýagdaýda geçdi. Institutyň medeniýet merkezinde bolan bu çärä mugallymlar, talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Duşuşykda welaýat raýat goranyşy we halas ediş işleri müdirliginiň raýat goranyşy bölüminiň müdiri, kapitan Şageldi Mämiýew, raýat goranyşa taýýarlamak bölümçesiniň müdiri, leýtenant Mekan Arazweliýew, saglygy goraýyş bölümçesiniň lukman epidimiology, uly leýtenant Kuwwat Täjiýew, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň hünärmeni Nurýagdy Galpakow, Türkmen oba hojalyk institutynyň adatdan daşary ýagdaýlar baradaky esasy hünärmeni Amangeldi  Garlyýew dagy ýüze çykmagy mümkin bolan adatdan daşary ýagdaýlaryň görnüşleri, olarda amala aşyrylmaly çäreler, şeýle halatlarda ejir çekenlere ilkinji lukmançylyk kömegini bermegiň usullary, ýaşlaryň bu ugurlardaky düşünjelerini, ukyp-başarnyklaryny ösdürmek barada alnyp barylýan işler hakynda gürrüň berdiler.

 

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Islegli önümler öndürilýär
14.11.2023   273
Ykdysadyýet Bereket-bolçulygyň binýady
03.09.2025   180
Ykdysadyýet Ekerançylaryň yhlasly zähmeti
18.07.2024   265
Ykdysadyýet Gallaçylar bilen hasaplaşyklar geçirilýär
11.07.2025   223
Ykdysadyýet Okuw-hyzmat ediş merkezi açyldy
12.12.2024   273
Ykdysadyýet Gowaça ekişi — jogapkärli wezipe
11.03.2025   217
Ykdysadyýet Bereketli hasylyň binýady
04.01.2025   218
image