Pyragynyň zybanynda tebigatyň waspy
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Pyragynyň zybanynda tebigatyň waspy

Jemgyýet
30.10.2024  396

Magtymguly Pyragy Gündogar edebiýatynyň parlak ýyldyzydyr. Dana şahyrymyzyň eserlerinde ata Watany söýmek, däp-dessurlara we ynsana uly hormat goýmak, tebigat gözelliklerine aýawly çemeleşmek ýaly ynsanperwer pikirlerdir öwüt-ündewler uly orun eýeleýär.

Dana Pyragynyň şygyrlarynyň birnäçesi gözel tebigatyň belent waspydyr. Ata Watana, ene topraga, dogduk Diýaryň baglaryna, daglaryna, tereň derýalaryna, ümmülmez çöllerine, ýaşyl ýaýlalaryna bolan belent hem-de gyzgyn söýgüsi onuň durmuşyň ähli ugurlary bilen baglanyşykly ýazan goşgularyna siňipdir. Nusgawy şahyrymyz «Soňudagy» goşgusynda:

Kesgin-kesgin ýoluň geçer,
Gyzyl baýyr göwün açar,
Sowuk çeşme suwuň içer,
Süri-süri malyň seniň —

diýip, boýdan-başa ýurdumyzyň tebigatynyň gözelligini: «Dürli-dümen otuň biter,//Her deräň bir ile ýeter» diýmek bilen, tebigat bilen durmuşy sazlaşdyrmagyň ussatlygyny görkezýär.

Söz ussady tebigatda bolup geçýän üýtgeşmeleri beýan edende göçme manyly sözlere aýratyn üns beripdir. Mysal üçin, şahyr «Yzlamaýan bolarmy?» diýen elegiýasynda:

Bir käkilik aldyrsa körpe balasyn
Saýraý-
saýraý, yzlamaýan bolarmy?
Bir bilbil ýitirse gyzyl lälesin
Hasratyndan sözlemeýän bolarmy —

diýip, ata-enäniň balasyna bolan tükeniksiz söýgüsini çeper deňeşdirmeleriň üsti bilen tolgundyryjy beýan edýär. Dana şahyr bu elegiýasynda şol döwürde bolup geçen wakalary haýwanlaryň durmuşyndan mysal alyp, özboluşly keşpde bermegi başarypdyr.

Şahyr tebigatyň haýsy bir ugruna ýüzlense-de, ony gönüden-göni türkmen durmuşy bilen baglanyşdyrýar. Şeýle häsiýetli goşgularda halkyň ýaşaýyş-durmuşy, ekerançylyk medeniýeti, tebigata bolan garaýşy şöhlelenýär. Munuň şeýledigini Magtymguly Pyragy bilen Durdy şahyryň «Habar ber — şeýledir!» diýen aýdyşygynda hem görmek bolýar.

 

Magtymgulynyň:

O nämedir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän?
O nämedir, aýagy ýok, towusýan?
O nämedir, ýedi derýa böwüsýän?
Şahyr bolsaň, şondan bize habar ber!

Durdy şahyryň:

Ol ekindir, ýaşyl-gyzyl öwüsýän,
O ýylandyr, aýagy ýok, towusýan,
O balykdyr, ýedi derýa böwüsýän,
Bizden salam bolsun, jogap şeýledir! —

diýen setirlerinde janly tebigatyň ajaýyp gözelliginiň waspy ýetirilýär.

Gözel tebigatymyzyň gymmatlyklaryny giňişleýin öwrenmekde, ýaş nesillerde watançylygy, ynsanperwerligi, tebigata bolan söýgini oýarmakda şahyryň döredijiligi aýratyn ähmiýetlidir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Şanly ýylyň dabaralanmagy
24.01.2025   312
Jemgyýet Lukman zenanlar sylaglandylar
07.03.2024   447
Jemgyýet Ömrüň bahary
25.02.2025   332
Jemgyýet Kämilligiň açary
12.06.2026   77
Jemgyýet Zenan saglygy ugrunda
23.02.2023   451
Jemgyýet Bedew atyň tarypyny aýdaly
15.04.2024   495
Jemgyýet Hyzmatdaşlyk arkaly ösüşe tarap
15.08.2025   232
image