Pyragynyň eserleriniň ýaşlary terbiýelemekdäki orny
weather dashoguz 19° C Daşoguz

Pyragynyň eserleriniň ýaşlary terbiýelemekdäki orny

Jemgyýet
19.11.2024  353

Ylym-bilim ynsany belende göterýär. Şoňa görä-de, ýurdumyzda ýaş nesillerimiziň bilim almagy, hünär öwrenmegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Türkmen milletiniň, döwletiniň ýeten derejeleri, dünýä ýüzüne ýaň salan millilik ýörelgeleri bu gün arşa çykdy. Milli Liderimiz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda: «Iň gymmatly miras terbiýedir, terbiýäniň özeni bolsa ylym-bilimdir» diýip belleýär. Toplanan ylym-bilim tejribämiziň esasynda durnukly ösüş üpjün edilýär. Müň gezek aýdandan bir gezek edip görkezmek ýaşlara hakyky nusgalyk işdir. Buýsanç duýgularyna, asylly terbiýä, göreldä esaslanyp ýetilen sepgitler barada hormatly Arkadagymyz öz atalyk kitaplarynda jaýdar belleýär.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamyny dünýä derejesinde kämilleşdirmek, ösüp gelýän ýaş nesillerimize dünýä ülňülerine laýyk bilim bermek Türkmenistanyň  Prezidentiniň alyp barýan döwlet syýasatynyň aýrylmaz bölegidir. Bilim, terbiýe bermekde, hünär öwretmekde ata-babalarymyzyň göreldesine eýermek, geçmişe ser salmak, ýaşlaryň durmuşa bolan höwesini, hyjuwyny artdyrýar. Gowy pikirler, ýagşy sözler kalbyňy päkleýär, ruhy ýaşaýşyňy, arzuw-telwasyňy artdyrýar, ýürekleri joşdurýar, içki dünýägaraýşy gözelleşdirýär. Magtymguly Pyragy öz eserlerinde halkymyzyň geljegini, geçmişini öz döwrüne baglanyşdyrýar, halkymyzy dostluga, parahatçylyga, ynsanperwerlige çagyrýar, ýaşlary batyrlyga, gaýduwsyzlyga ruhlandyrýar, özbaşdak türkmen döwletini gurmak, döretmek baradaky pikirlerini beýan edýär.

Terbiýäniň başyny beýik Pyragynyň gymmatly öwüt-ündew, terbiýe hazynasyna salgylanyp ýaşlary terbiýelemekde görelde edinmek, üstünliklere ýetmek, nurana geljege ýol salmak babatda döwrebap ýörelgedir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Möhüm waka bagyşlandy
08.08.2025   149
Jemgyýet Awaza dost-doganlygyň mesgeni
29.08.2025   183
Jemgyýet Uzak ýaş — bagtly durmuş
15.01.2025   284
Jemgyýet Baýramçylyk joşguny
27.12.2024   287
Jemgyýet Sadyr
03.11.2025   178
Jemgyýet Ders bäsleşiginiň döwlet tapgyry
25.03.2026   56
Jemgyýet Bilim ýoly — bagt ýoly
30.08.2025   194
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
29.04.2026   30
image