​​​​​​​Pyragynyň dünýä dolan belent sarpasy
weather dashoguz 18° C Daşoguz

​​​​​​​Pyragynyň dünýä dolan belent sarpasy

Jemgyýet
25.10.2024  375

Beýik söz ussadynyň hormatyna geçirilen halkara forumyň ähmiýetini wagyz etmek, şanly ýylymyzy dabaralandyrmak maksady bilen, welaýat häkimliginiň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň welaýat wekilhanasynyň bilelikde guramagynda «Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim-paýhasy, Pyragynyň dünýä dolan belent sarpasy» atly dabaraly maslahat geçirildi. Welaýat häkimliginiň mejlisler jaýynda geçirilen maslahata il sylagly ýaşulular, mährem eneler, Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, dürli ulgamlarda zähmet çekýän bagtyýar ildeşlerimiz we talyp ýaşlar gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler dana Pyragynyň sarpasyny belende göterýän halkara forumyň bagtyýar ildeşlerimizde uly täsir galdyrandygyny, onuň dost-doganlygy, parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmekde möhüm ähmiýete eýe bolup durýandygyny bellediler. Çykyşlarda bellenişi ýaly, halkara foruma gatnaşan döwlet we hökümet Baştutanlarynyň, halkara guramalaryň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň we beýleki ýokary derejeli myhmanlaryň çykyşlarynda türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň halklary dost-doganlyga, agzybirlige, parahatçylyga we ählumumy abadançylyga çagyrmakda gymmatly edebi miras bolup durýar.

Dabaraly maslahata gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler.

Dabaraly maslahatyň dowamy welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen utgaşdy. Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň artistleriniň edebi-sazly çykyşy dabara gatnaşan ildeşlerimizde uly ruhubelentlik döretdi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Täze taryhy eýýamyň ganaty
20.07.2024   417
Jemgyýet Sähradaky haýyrly işler
16.03.2024   571
Jemgyýet Gyrgunan
30.12.2024   419
Jemgyýet Watanyň bagtyýar nesilleri
24.05.2024   449
Jemgyýet Bagtdan paýly körpeler
03.07.2025   382
image