Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň waspy
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Pyragynyň arzuwlan zamanasynyň waspy

Jemgyýet
21.02.2023  459

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Daşoguz şäheriniň Magtymguly meýdançasynda aýdym-sazly dabara geçirildi. Oňa il sylagly ýaşulular, kümüş saçly eneler, Mejlisiň deputatlary, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, döredijilik işgärleri, bagşy-sazandalar, bilim işgärleri gatnaşdylar.

Medeni çärede şahyrlar we döredijilik işgärleri çykyş edip  akyldar şahyryň döredijiligine bagyşlanyp dürli dabaraly çäreleriň, döredijilik duşuşyklarynyň geçirilýändigini buýsanç bilen bellediler. Mundan başga-da, çykyş edenler dabara gatnaşyjylara ady dünýä dolan beýik Pyragynyň ömri we döredijiligine bagyşlap ýazan goşgularyny okap berdiler. Akyldaryň arzuwlan zamanasynyň Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe wysal bolandygyny, şeýle-de Magtymgulynyň dünýä ýüzüne ýaň salan çuňňur düşünjelere baý şygyrlarynyň bu gün her bir ynsan üçin nusga alarlyk mekdep bolup hyzmat edýändigini aýratyn nygtadylar. Soňra sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlaryna uly orun berildi.

Dabarada Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň taýýarlamagynda «Arzuwlan zamanaň geldi, Pyragy!» atly edebi-sazly kompozisiýa, Türkmenistanyň halk artisti Sähetmämmet Rejepbaýewiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi Gözel Nedirowanyň, şeýle-de çeper höwesjeňleriň ýerine ýetirmeklerinde Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryna döredilen aýdymlar ýaňlandy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Bagtyýar ýaşaýşyň kepili
25.07.2024   434
Jemgyýet Baş baýlygyň goragynda
02.04.2024   512
Jemgyýet Milli buýsanjymyzyň dabarasy
29.04.2026   130
Jemgyýet Saglyk ulgamynyň ösüşli menzilleri
10.01.2025   416
Jemgyýet Gülleri görkana, elleri çeper
04.07.2024   461
image