Pileçileriň zähmet üstünligi
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Pileçileriň zähmet üstünligi

Ykdysadyýet
14.06.2025  261

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Garaşsyz ýurdumyzyň dokma senagaty üçin gymmatly çig mal hasaplanylýan ak piläniň öndürilişini artdyrmak barada öňde goýlan wezipeleriň üstünlikli ýerine ýetirilmegine mynasyp goşant goşmak maksady bilen Daşoguz welaýatynyň başarjaň pileçileriniň çeken tutanýerli zähmeti guwandyryjy netijesini berdi. Olar Watanymyzyň belent harmanyna 555 tonna ýokary hilli pile tabşyryp, bu baradaky meýilnamany artygy bilen berjaý etdiler. Munuň özi şu möwsümde jemi 13691 guty ýüpek gurçuklaryna gije-gündiziň dowamynda ýadawsyz ideg edilip, olaryň kadaly ösmekleriniň, pile saramaklarynyň, ýetişdirilen hasylyň öz wagtynda, ýitgisiz ýygnalmagynyň gazanylmagy ugrunda amala aşyrylan işleriň miwesidir. Döwlet harmanyna pile tabşyrmakda welaýatyň Görogly, Köneürgenç, Şabat we beýleki etraplarynyň pileçileriniň goşandy has-da saldamly boldy. Bu babatda aýry-aýry pileçileriň eýe bolan üstünlikleri hemmeleri guwandyrýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ulgam ösüş ýolunda
15.12.2023   400
Ykdysadyýet Aşgabat şäheriniň gününe
20.05.2025   281
Ykdysadyýet Sogan ekilýär
13.03.2025   345
Ykdysadyýet Bugdaýyň idegi ýetirilýär
21.04.2026   142
Ykdysadyýet Bereketli hasyl ugrunda
29.01.2025   313
Ykdysadyýet Ýuwuş suwy tutulýar
30.01.2025   349
Ykdysadyýet Gowaça bejergisi ýokary depginde
10.08.2024   431
image