Pileçileriň yhlasly işleri
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Pileçileriň yhlasly işleri

Ykdysadyýet
07.05.2024  241

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda Watan harmanyna 110 tonna ýokary hilli pile tabşyryp, hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň ýüpekçilik pudagyny ösdürmek ugrundaky taýsyz tagallalaryna iş bilen jogap bermegi maksat edinýän Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň pileçi kärendeçileri häzirki döwürde ýüpek gurçuklaryny talabalaýyk idetmek boýunça ähli zerur çäreleri durmuşa geçirýärler. Muňa etrabyň beýleki hojalyklarynyň hatarynda «Agzybirlik» daýhan birleşiginiň pileçileriniň bu babatdaky gyzgalaňly işleri hem şaýatlyk edýär.

Şu günlerde hojalygyň 74 sany ýüpekçi kärendeçisi jemi 2869 gram ýüpek gurçugyny idetmek bilen meşgul bolýar. Olaryň köpüsiniň bu işde uly tejribeleriniň bardygyny aýtmak gerek. Çünki bu ýüpek gurçuklaryna göwnejaý hyzmat edilip, olaryň kadaly ösüşiniň gazanylmagyna mümkinçilik berýär.

Daýhan birleşiginiň şeýle tejribeli, ýylyň-ýylyna bol pile hasylyny ýetişdirmegi başarýan ýüpekçi kärendeçileriniň arasynda Çowdur Kakabaýew, Merjen Baýramowa, Gülzara Döwletowa, Senemjan Hasanowa, Baba Bazarbaýew we beýlekiler bolup, olar gije-gündiziň dowamynda ýüpek gurçuklaryny wagtly-wagtynda iýmitlendirmegiň, bellenilen ýylylykda hem-de arassa saklamagyň hötdesinden gelýärler. Bu bolsa, ýüpek gurçuklarynyň gyradeň ösüşine şert döredýär.

Görnüşi ýaly, daýhan birleşiginiň her bir ýüpekçi kärendeçisi öz öňünde  belent maksatlary goýmak bilen, yhlasly zähmet çekýär. Bu bolsa hojalygyň şu ýyl 5,5 tonna pile öndürmek baradaky meýilnamasyny üstünlikli berjaý etmäge mümkinçiliginiň bardygyny aňladýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Täze bina — giň mümkinçlikler
03.07.2025   164
Ykdysadyýet Bank hyzmatlarynyň gerimi giňeýär
03.04.2024   262
Ykdysadyýet Töleg hyzmatlarynyň gerimi artýar
16.03.2024   306
Ykdysadyýet Tebigat bilen sazlaşykly ýaşaýyş
23.01.2026   28
Ykdysadyýet Döwrebap kärhananyň üstünlikleri
13.05.2023   270
Ykdysadyýet «Ak altynly» pellerdäki joşgunly zähmet
18.09.2024   221
Ykdysadyýet Güller — zeminiň gözelligi
10.06.2025   129
image