Halk arasynda bolamda atamyň gaýtalanmajak sungaty hakda örän gyzykly söhbetler eşidýärin. Ol gürrüňler dilden-dile geçip, barha gulaga hoş ýakýar. Atam Baýar Baýramow ýaşlygynda aýdym-saza göwün berip ugranda ýakyn garyndaşymyz Rejep bagşy bir gün oňa ýüzlenip:
— Baýar jan, sende aýdym aýtmak höwesi bar ýaly, eger şeýle bolsa, saňa bu ugurdan hökman halypa gerek. Men seni ussat bagşy Nazar baga bilen tanyşlyga alyp gideýin — diýipdir.
Atamy Rejep bagşy Nazar baga bilen tanyş edýär. Şunlukda, atam Baýar bagşy bilen Nazar baganyň arasynda halypa-şägirtlik ýoly başlanýar. Şonda halypa bagşy Nazar baga golaýynda oturan gyjakçysy Törä:
— Hany, sazandam, eliňdäki gyjagyňy gowuja düz! Ýaş şägirdiň aýdyp berjek aýdymlaryny diňläp göreli! — diýýär. Uly halypanyň öňünde eli dutarly oturan atamy birbada der basýar. Onda-da syr bildirmejek bolup, özüniň bilýänje aýdymlaryny dutaryň owazyna goşup, aýdyma başlaýar. Nazar halypa, ilki bilen, atamyň dutar düzüşine, des urşuna, perdelerde barmak oýnadyşyna, owazyny saza goşuşyna üns berýär. Şonda halypa bagşy:
— Köşegim, seniň dutar tutuşyňa, şelpe kakyşyňa, perdeleri jaýdar basyşyňa, öz owazyňa laýyk heň tapyşyňa meniň göwnüm ýetdi. Sen gowusy, meniň ýanyma şägirt bolup gatnaber! Eger men ýalňyşmasam, senden ir-u-giç atly, owazly, ilhalar bagşy çyksa gerek — diýip, atamyň arkasyna kakypdyr. Aýtmaklaryna görä, şondan soňra halypasynyň ýolbaşçylygynda atam aýdym yzyna aýdym, dessan yzyna dessan öwrenip, uly halypa Nazar baga bilen toýa-tomga gatnaşyp, köp ýyllar tälim alypdyr. Ondan aýdym-saz ugrundan ak pata hem alypdyr. Şeýde-şeýde atam Baýar bagşy hem uly halypalaryň biri bolup, özbaşdak toý sowup başlaýar. Onuň ýanynda şol döwürler toýa-märekä gideninde halypa gyjakçy sazandalar Berdibaý Pollyýew, Esen Söýünow dagy sazandarlyk edipdirler. Atamyň owazy örän güýçli hem labyzly, dessan aýtmaga dili çeper bolupdyr. Onuň türkmeniň meşhur «Hüýrlukga-Hemra», «Şasenem-Garyp», «Ýusup-Ahmet» ýaly dessanlaryny özi ýazan ýaly, örän çeper beýan edýändigini ony gözi bilen görüp, ýanynda aýdymlaryny diňlänler häzir ýagşylykda ýatlaýarlar.
Aýdym-saz äleminde atam pahyr kän-kän şägirtleri-de ýetişdirip giden. Olardan Türkmenistanyň halk bagşysy Tüýli Otuzow, Türkmenistanyň at gazanan bagşylary Jumamyrat Hamyýew, Mämmet Meredow, bagşylar Täçmet Ataşow, Masak Gazakow, Pirjan Moşşyýew, Baýram Garrybaýew, Ýagşygeldi Garaşow dagyny görkezmek bolar. Atam Baýar Baýramowa döwletimiziň, il-halkymyzyň öňünde bitiren hyzmatlary nazara alnyp, 1964-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen hormatly at dakyldy. Ýeri gelende aýtsam, meniň sazanda dädem Bazar Baýarow hem atam Baýar Baýramowdan köp ýyllar aýdym-saz babatda tälim-terbiýe alan. Daşoguzly dessançy bagşylaryň ençemesi toýa-märekä gidenlerinde dädem Bazar Baýarowy ýanlary bilen alyp giderdiler. «Iş bitirseň — il tanar» diýleni, dädem Bazar Baýarowa hem döwletimiz tarapyndan bitiren ajaýyp hyzmatlary üçin 1992-nji ýylda «Türkmenistanyň at gazanan bagşysy» diýen at berildi.
Türkmende şeýle bir nakyl bar: «Ata kesbi ogla halal». Emma ata kesbiniň kähalatlar agtyga-da halal bolýandygyny durmuş subut edýär. Atamyň kesbi-kärini mugallym, sazanda kyblam Bazar Baýarow köp ýyllar dowam etdirdi. Dädem halypa-sazandalardan gyjak saz guralyny çalmagy öwrenip, ony mugallymçylyk käriniň gapdaly bilen ýöredip gezdi. Men hem Daşoguzyň ussat bagşymyz Magtymguly Garlyýewiň adyny göterýän ýörite sungat mekdebiniň bagşyçylyk bölümini tamamlap, häzirki wagtda Köneürgenç etrabynyň medeniýet bölüminde pederlerimiň kesp-kärini dowam etdirýärin.