Täze taryhy döwrümiziň ajaýyp şygarly ýylynyň toý-baýramlarynyň üstüni ýetirýän ýene-de bir şanly senäni — Aşgabat şäheriniň gününi agzybir halkymyz uly dabaralara besleýär. Bu günki gün gözel paýtagtymyz öz durkunda ajaýyplygyň hem döredijiligiň nurana beýanyny jemläp, ýalkym saçýar. Häzirki wagtda Aşgabat şäheri belent başlangyçlaryň netijesinde ähli ugurlar babatda döwrebap ösüşlere beslenip, tutuş dünýäniň ünsüni bir maksatda jemleýän çäreleriň geçirilýän meýdançasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň yzygiderli tagallalarynyň netijesinde häzirki wagtda gözel paýtagtymyz sebitde we dünýäde adamlaryň oňaýly ýaşaýşyny, durmuşyň ýokary derejesini, öndürijilikli zähmetini we göwnejaý dynç alşyny üpjün edýän şäherleriň hatarynda abraýyny artdyrýar. Muny paýtagtymyzyň ak mermer bilen örtülen binalaryň has köp toplanan şäheri hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabynda orun almagynyň, şol sanda Türkmenistanyň Döwlet baýdagynyň sütüni, «Oguz han» suw çüwdürimler toplumy, «Türkmenistan» teleradioýaýlymlar merkezi, «Älem» medeni-dynç alyş merkezi, «Bagt köşgi» toý dabaralary merkezi, atyň dünýäde iň uly keşbi hökmünde Olimpiýa stadionynyň esasy bezegi bolan ahalteke bedewiniň çeper keşbi, dünýäde iň uly suwda ýüzülýän üsti ýapyk howuz hökmünde Olimpiýa şäherçesiniň Sportuň suw görnüşleri merkezi, Halklara howa menzili ýaly ajaýyp binalarynyň bu sanawyň üstüni ýetirmeginiň mysaly bilen delillendirmek bolýar.
Sebitde we dünýäde parahatçylyk dörediji merkez hökmünde ykrar edilen gözel paýtagtymyzyň seýilgähler şäheri diýlip atlandyrylmagy hem hakykata örän laýykdyr. Çünki paýtagtymyzdaky köpsanly seýilgähler, dürli agaç nahallarydyr ajaýyp güller ak şäherimiziň görküni artdyrmak bilen bir hatarda, halkymyzyň döwranly durmuşyna özboluşly öwüşgin çaýýar. BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň «Şäherlerdäki baglar» atly başlangyjyna bag ekmek çäreleri arkaly goldawy we oňa goşan goşandy üçin Aşgabat şäherine halkara güwänamanyň berilmegi, ýurdumyzyň başlangyjy bilen paýtagtymyzyň «Dizaýn» ugry boýunça BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) döredijilik şäherleriniň toruna girizilmegi ak şäherimizi döredijilikli ösdürmek babatdaky beýik işleriň tutuş dünýä ýüzünde giň goldawa eýe bolýandygyny doly açyp görkezýär.
Hormatly Prezidentimiz: «Berkarar Watanymyzyň paýtagty köp babatda ýurdumyzyň ýeten belent sepgitlerini, at-abraýyny görkezýär» diýip, uly buýsanç bilen belleýär. Munuň durmuş hakykaty ak şäherimiziň gülläp ösüşinde, zyba keşbinde, abadan durmuşynda, ýaşaýjylarynyň we myhmanlarynyň ähli şertlerdir mümkinçiliklerden peýdalanyp ýaşaýandyklarynda, dynç alýandyklarynda doly beýanyny tapýar.