Daşoguz welaýatynyň çäginde ýol hereketiniň howpsuzlygyny berk we döwrebap ýola goýmak ugrunda birnäçe anyk işler amala aşyryldy we häzirki wagtda hem giň gerimde dowam etdirilýär. Olara mysal edip, Daşoguz şäheriniň we welaýatyň esasy şaýollarynda tizlik ölçeýän döwrebap wideogözegçilik kameralary oturdyldy. Bu sanly ulgamlar sürüjileriň tizlik düzgünini bozmazlygyna we pyýadalaryň ýoldan howpsuz geçmegine ýardam edýär. Şeýle-de kärhanalarda, edara-guramalarda we jemgyýetçilik ýerlerinde ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan duşuşyklar yzygiderli guralýar. Täze okuw ýylynyň başlanmagy we biraýlygyň çäklerinde sebitiň ähli mekdeplerinde okuwçylara ýol düzgünlerini öwretmek boýunça ýörite amaly we nazary sapaklar geçirilýär. Çagalaryň arasynda ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak üçin görkezme esbaplary we ýörite meýdançalar peýdalanylyp, çagalarda ýol medeniýeti kemala getirilýär.