Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabyndaky 38-nji orta mekdepde etrabyň mekdep okuwçylarynyň arasynda XIV spartakiadanyň çäklerinde küşt boýunça ýaryş geçirildi. Ýaryşda on iki topar özara bäsleşdi. Netijede, etrapdaky 48-nji hem-de 61-nji orta mekdepleriň toparlary, degişlilikde, ikinji we üçünji orunlary eýelediler. Uly utuk bilen birinji orna mynasyp bolan 108-nji orta mekdebiň okuwçylary ýaryşyň welaýat tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandylar.
Ýeňiş gazanan toparlara «Türkmenistan» ýaşlar bedenterbiýe-sport guramasynyň Daşoguz welaýat bölüminiň Hormat hatlary hem-de TMÝG-niň Akdepe etrap geňeşiniň sowgatlary gowşuryldy.