Parahatçylyk ýörelgesi dabaralanýar
weather dashoguz 37° C Daşoguz

Parahatçylyk ýörelgesi dabaralanýar

Jemgyýet
27.11.2025  131

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyny hem-de hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygyny dabaralandyrmak maksadynda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. «Bitaraplyk — parahatçylykly ösüşiň oňyn ýoly» ady bilen geçirilen maslahata KA-nyň ilkinji guramalarynyň başlyklary we işjeň agzalary gatnaşdylar.

Maslahatyň dowamynda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň başlygy Aşyrdurdy Allaýew, guramaçylyk we medeni-köpçülik işleri bölüminiň müdiri Gylyçdurdy Haýdarow, pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Jumagül Hojaýewa, welaýat statistika müdirliginiň hünärmeni, KA-nyň ilkinji guramasynyň başlygy Bibigül Nazarowa, saglygy goraýyş işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Jennet Hallyýewa, Daşoguz şäherindäki 9-njy orta mekdebiň mugallymy, KA-nyň işjeň agzasy Hemra Kakajanow dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň ajaýyp şygarynyň asyl mazmunynda ata Watanymyzyň halkara ähmiýetli möhüm başlangyçlarynyň durandygy, halkara hukuk derejesi üç gezek ykrar edilen Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen işjeň gatnaşyklary barada täsirli gürrüň edildi.

Maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda Bitarap Türkmenistanyň öňe sürýän parahatçylyk, ynanyşmak ýörelgeleriniň tutuş dünýäde mundan beýläk-de dabaralanmagy arzuwlandy.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Biraýlyk üstünliklere beslendi
30.09.2025   170
Jemgyýet Köne güzer
11.02.2025   437
Jemgyýet Wagyz-nesihat çäresi
23.01.2025   319
Jemgyýet Taryhy maslahat — geljege nazar
04.08.2025   231
Jemgyýet Semeni tagamy
21.03.2026   68
Jemgyýet Rowaç menzilleriň beýany
19.06.2026   57
Jemgyýet Beýik işleriň rowaçlanýan döwri
18.02.2026   93
image