Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty
weather dashoguz 25° C Daşoguz

Parahatçylyk we ynanyşmak taglymaty

Jemgyýet
24.04.2024  25

«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylyny hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň başlangyjy boýunça kabul edilen «2025-nji ýyl — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany dabaralandyrmak maksady bilen, golaýda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

«Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň TDP-niň Daşoguz şäher komiteti bilen bilelikde welaýat kitaphanasynda geçiren söhbetdeşliginiň dowamynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň şanly pursatlarynyň hataryny artdyrýan taryhy wakalar barada uly buýsanç bilen gürrüň edildi. Akyldar şahyryň ýubileý toýunyň BMG-niň 2024-2025-nji ýyllarda geçirilmegi meýilleşdirilýän çäreleriniň hatarynda halkara derejede giňden dabaralandyrylmagynyň halkymyzyň beýik şahsyýetlerine we belent başlangyçlaryna tutuş dünýä derejesinde uly hormat goýulýandygynyň aýdyň mysaly bolup durýandygy nygtalyp geçildi.

Bu ugurda ýene-de bir taryhy wakanyň — 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky çözgüdiň ýurdumyzyň alyp barýan hoşniýetli syýasatynyň parahatçylygy pugtalandyrmaga gönükdirilendigini we dünýä halklaryny bir maksatda birleşdirýändigini açyk aýdyň görkezýär. Bu taryhy çözgüdiň esasy ýörelgeleri BMG-niň halklaryň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary üpjün etmek we gapma-garşylyklary diňe parahatçylykly ýol bilen çözmek ýaly maksatlary esas edinýändiginden ybaratdyr. Türkmenistan bu babatda özüniň öňe sürýän başlangyçlary we teklipleri bilen gysga döwrüň içinde toplan tejribesini tutuş dünýä äşgär etdi. Häzirki wagtda bolsa Bitarap ýurdumyzyň oňyn syýasatynyň gymmatyna aýdyň göz ýetiren ýurtlar we halklar onuň parahatçylyk taglymatyny tüýs ýürekden goldaýarlar we bu ugurda durmuşa geçirilmeli wezipelere işjeň goşulyşýarlar. Munuň özi ýurdumyzyň dünýäde parahatçylygyň nuruny ýaýýan döwlet hökmünde belent derejelere ýetendiginiň mysalynda öz beýanyny tapýar. Söhbetdeşlikde şular dogrusynda giňişleýin we täsirli gürrüň edildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Gymmatly eseriň buýsançly söhbedi
12.04.2024   13
Jemgyýet Maslahat geçirildi
02.05.2024   18
Jemgyýet Täzelenişiň we joşgunyň pasly
29.03.2024   36
Jemgyýet Okuw maslahaty guraldy
18.03.2024   37
Jemgyýet Yhlasly zähmet üstünligiň kepilidir
09.04.2024   17
Jemgyýet Halk döredijiligi — egsilmez hazyna
03.06.2024   19
Jemgyýet Ýaşaýyş hakynda aýdym
20.05.2024   19
Jemgyýet Çagany ýaşdan...
04.06.2024   14
image