Parahatçylyk we ösüş — dünýäniň beýik taglymaty
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Parahatçylyk we ösüş — dünýäniň beýik taglymaty

Jemgyýet
18.10.2024  391

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen «Döwürleriň we siwilizasiýalaryň özara arabaglanyşygy — parahatçylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara forumy wagyz etmek maksady bilen, «Daşoguz habarlary» gazetiniň redaksiýasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşlige «Daşoguz habarlary» gazetiniň bölüm redaktory Mahym Piriýewa, TMÝG-niň welaýat geňeşiniň bölüm müdirleri Orazgül Amanmämedowa, Aýnur Ýusupowa, baş hünärmeni Nurýagdy Galpakow, hünärmeni Wepa Esenow, Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Sabyrgeldi Begow, bölüm müdiri Çynar Mämedowa, esasy hünärmeni Şirin Haýtjanowa, welaýat kitaphanasynyň baş kitaphanaçysy Altynjemal Gazakowa, welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyby Guwanç Mädalyýew dagy gatnaşdylar.

Özara pikir alyşmalaryň dowamynda hormatly Prezidentimiziň örän jaýdar belleýşi ýaly, türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň toýunyň bu gün dünýäniň toýuna öwrülendigi uly buýsanç bilen aýdyldy.

Halkara foruma sebit hem yklym ýurtlarynyň Baştutanlarynyň işjeň gatnaşmagynyň we olaryň hormatly Prezidentimiziň gol çeken Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglanmagynyň türkmen myhmansöýerliginiň, bir-birege hormatly gatnaşyklaryň mysaly hökmünde uly baha berilýändiginiň aýdyň alamaty bolup durýandygy dogrusynda buýsançly söhbet edildi.

Söhbetdeşligiň dowamynda akyldar şahyryň toýuny dünýäniň toýuna öwren Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk sözleri beýan edildi.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Durmuş mekdebine ak ýol
26.05.2026   118
Jemgyýet Taryhyň gadymy kökleri
21.11.2024   402
Jemgyýet Tanyşdyrylyş dabarasy
20.12.2024   356
Jemgyýet Şanly ýylyň ruhy joşguny
13.08.2025   242
Jemgyýet Dil öwrenmek döwrüň talaby
23.07.2025   257
Jemgyýet Täzelenişiň we joşgunyň pasly
29.03.2024   408
Jemgyýet Sanly ykdysadyýet — döwrüň talaby
03.12.2024   457
image