Parahatçylyk taglymaty hakynda ajaýyp kitap
weather dashoguz 5° C Daşoguz

Parahatçylyk taglymaty hakynda ajaýyp kitap

Jemgyýet
09.12.2025  198

Hormatly Prezidentimiziň jöwher paýhasynyň we ýiti zehininiň miwesi bolan «Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitabynyň çapdan çykmagy Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň möhüm wakalarynyň birine öwrüldi. Onuň hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly baýramynyň öňüsyrasynda okyjylara gowuşmagy bagtyýar halkymyz üçin özboluşly sowgat boldy.

Bu kitap hormatly Prezidentimiziň halkymyzyň baky bagtyýarlygynyň, ýurt abadançylygynyň, dünýädäki parahatçylygyň we ynanyşmagyň baky binýady bolup duran hemişelik Bitaraplyk taglymaty hakyndaky pikir-duýgularynyň, syýasy filosofiýasynyň çeper beýanydyr.

«Türkmenistanyň Bitaraplygy – parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly täze kitap ýurdumyzyň nurana geljeginiň eýeleri bolan ýaşlarymyzy watançylyk, ynsanperwerlik ruhunda terbiýelemekde, olaryň parahatçylygyň we ýurt abadançylygynyň gadyr-gymmatyna, hemişelik Bitaraplygymyzyň dünýä derejesindäki taryhy-syýasy ähmiýetine göz ýetirmekleri üçin uly gollanma bolup durýar. Bu ajaýyp kitap ata Watanymyzyň, merdana halkymyzyň at-abraýyny belende götermekde, berkarar döwletimiziň ösüşlerine mynasyp goşant goşmakda ýaşlary belent maksatlara ruhlandyrar. Çünki, bu kitap türkmen bitaraplygynyň taryhy, onuň halkara syýasy-ykdysady hem-de medeni-ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekdäki orny baradaky maglumatlary çeper dilde beýan edýär. Bu hakda: «Türkmen halky üçin Bitaraplyk biziň taryhymyzyň, medeniýetimiziň, ruhumyzyň we milli häsiýetimiziň tebigy dowamydyr» diýlip, bellenilip geçilýär.

Hormatly Prezidentimiz täze kitapda: «Häzirki wagtda «bitaraplyk», «öňüni alyş diplomatiýasy», «parahatçylyk», «ösüş» düşünjeleri täzeçe baý mazmuna eýe bolýar» diýip nygtamak bilen, parahatçylygyň, hoşniýetli goňşuçylygyň we ählumumy ösüşiň häzirki zaman türkmen diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklary babatdaky esasy ugurlaryna üns çekýär.

Hormatly Prezidentimiziň bu ajaýyp kitabynda şanly-şöhratly pederlerimiziň hoşniýetli goňşuçylyk, dostanalyk, agzybirlik, arkalaşyklylyk, birek-birege hormat goýmak ýaly durmuş ýörelgeleri hakynda hem söhbet edilip, bu asylly häsiýetleriň hemişelik Bitaraplygymyzyň esasy ýörelgelerinde şöhlelenýändigi aýratyn nygtalýar. Bu kitap Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň, türkmen Bitaraplyk taglymatynyň iň täze taryhynyň möhüm wakalarynyň beýan edilýändigi üçin hem gymmatlydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Taryhy geçmişiň şaýady
01.05.2026   153
Jemgyýet Ulgam ösüş ýolunda
06.11.2024   462
Jemgyýet Zergärçilik sungatym — miras daragtym
10.05.2025   416
Jemgyýet Ynsanperwerligi ýörelge edinip
08.07.2025   360
Jemgyýet Bilimli nesil — Watanyň guwanjy
29.04.2024   503
Jemgyýet Adam hakdaky alada
30.07.2025   247
image