Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda tutumy uludan tutulan baky Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuna hormatly Prezidentimiziň ajaýyp sowgady bolan täze «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynyň halkymyza gowuşmagy ýylyň taryhy wakalarynyň ähmiýetini artdyrdy. Ajaýyp kitap türkmen Bitaraplygynyň parahatçylyga, abadançylyga çagyryşdygyna, onuň dünýäde ykrar edilen hakykatdygyna çuňňur düşünmäge ýardam edýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň ähli ýerlerinde hormatly Prezidentimiziň ajaýyp kitabynyň tanyşdyrylyş dabaralaryna giň orun berilýär.
Daşoguz welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen dabara hem hormatly Prezidentimiziň täze kitabynyň many-mazmunyny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýe boldy. Dabara häkimligiň jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, syýasy-jemgyýetçilik guramalarynyň, ýaşuly hem ýaş nesliň wekilleri, döwlet sylaglaryna mynasyp bolan hem-de dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.
Dabarada, ilki bilen, welaýatyň häkimi Döwletgeldi Babaýew çykyş edip, dünýä giňişliginde halkara derejesi üç gezek ykrar edilen Türkmenistanyň Bitaraplygynyň taryhy ähmiýeti, ýurdumyzyň BMG-niň belent münberinden parahatçylygy üpjün etmäge gönükdirilen başlangyçlarynyň gymmaty, onuň hormatly Prezidentimiziň täze eserinde döredijilik beýanyny tapýandygy, eseriň diňe bir türkmenistanlylar üçin däl, eýsem, dünýä ýüzüniň okyjylaryna türkmen Bitaraplygynyň gudratyny açyp görkezmekde gymmatly ruhy hazynadygyny buýsanç bilen belledi.
Dokuz bölümi özünde jemleýän bu gymmatly kitapda merdana pederlerimiziň ynsanperwerlik, dost-doganlyk, hoşniýetli goňşuçylyk, ynanyşmak ýörelgeleriniň giň beýanyny tapýandygy, Bitaraplygyň gymmatly ähmiýeti, onuň halkara, syýasy, medeni, ynsanperwer gatnaşyklary berkitmekdäki orny barada giň düşünje berilýär. Bitaraplyk halkara hukuk derejesine ygrarly Garaşsyz Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlyklary ýola goýmak arkaly toplan baý tejribesi barada täsirli söhbetler kitabyň mazmunyny has-da artdyrýar. Parahatçylyk döredijiligiň we ynanyşmagyň gadymdan gelýän däpleriniň häzirki döwürde mynasyp dowam etdirilmegi halklaryň arasynda ählumumy gatnaşyklary berkitmekde, ony ösüşiň hil taýdan ýokary çykarylmagynda peýdalanmakda ähmiýeti öran uludyr. Bularyň döredijilik beýany bolsa tutuş adamzat jemgyýeti üçin gymmatly gollanmadyr. Şular dogrusynda dabaraly maslahatda guralan çykyşlarda giňişleýin gürrüň edildi.
Dabaranyň dowamynda welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary giňden ýaýbaňlandyryldy.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler.