«Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasaty — parahatçylygyň, asudalygyň we gülläp ösüşiň nusgalyk ýoly» atly şygar bilen Daşoguz şäher häkimliginiň hem-de TDP-niň Daşoguz welaýat we şäher komitetleriniň bilelikde guramaklarynda dabaraly maslahat geçirildi. Daşoguz şäher häkimliginiň mejlisler zalynda geçirilen maslahata Mejlisiň deputatlary, halk maslahatynyň agzalary, ýaşuly hem ýaş nesliň wekilleri, dürli pudaklarda zähmet çekýän adamlar gatnaşdylar.
Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzyň döwlet syýasatynyň ugurlary boýunça gazanylýan üstünlikler dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylymyzyň taryhy wakalarynyň hataryny artdyrýan tutumlaryň, halkymyzyň Milli Lideriniň we hormatly Prezidentimiziň dostlukly ýurtlara amala aşyrýan iş saparlarynyň, olarda gazanylýan ylalaşyklaryň, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen tagallalarynyň ähmiýeti dogrusynda nygtaldy.