Parahatçylygyň kepili
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Parahatçylygyň kepili

Jemgyýet
18.07.2025  253

Türkmenistanyň Gyzyl Ýarymaý Milli jemgyýetiniň Daşoguz welaýat bölüminiň welaýat kitaphanasy bilen bilelikde guramagynda «tegelek stoluň» başynda söhbetdeşlik geçirildi.

«Bitaraplyk — ählumumy parahatçylygyň kepili» atly şygar bilen geçirilen söhbetdeşlikde ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasynda gazanylan üstünlikler, baky Bitaraplygymyzyň dünýäde abadançylygyň hem durnukly ösüşiň berkemegindäki orny dogrusynda täsirli gürrüňler edilip, özara pikir alşyldy.

Çykyş edenler şeýle hem ýurdumyzyň dünýäniň belent münberinden öňe sürýän taryhy başlangyçlarynyň adamzadyň parahat ýaşaýşynyň, gülläp ösüşiniň, halklaryň arasynda jebis gatnaşygyň pugtalanmagyna hyzmat edýändigini we onuň esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan köp sanly Kararnamalaryň kabul edilendigini, munuň bolsa, berkarar döwletimiziň halkara giňişligindäki abraýynyň çuňlaşýandygyny açyp görkezýändigi dogrusynda uly buýsanç bilen belläp geçdiler.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Parahatçylygyň, dost-doganlygyň forumy
04.08.2025   195
Jemgyýet Röwşen geljegiň binýady
30.08.2024   523
Jemgyýet Saglygym — baş baýlygym
22.02.2025   331
Jemgyýet Zenan saglygy ugrunda
23.02.2023   451
Jemgyýet Durmuş goraglylygynyň kämil derejesi
01.05.2026   84
image