Parahatçylygyň gül ysyny ýaýradyp
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Parahatçylygyň gül ysyny ýaýradyp

Jemgyýet
13.11.2025  173

Ata-babalarymyzyň paýhas eleginden geçirilip, bize miras galan ata Watanyňa, il-günüňe bolan belent söýgi, ar-namyslylyk, mertlik, gaýratlylyk, ruhubelentlik, rehimdarlyk, halallyk, agzybirlik, doganlyk, dostluk, ynsanperwerlik, hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary ýaly ajaýyp häsiýetlerimiz uzak geçmişden gözbaş alyp gaýdýar. Nesilbaşymyz Oguz han türkmen ogullaryna eden sargytlarynda, nesihatlarynda döwletliligiň gözbaşynyň adyllykda, agzybirlikde, jebislikde, goňşular bilen hoşniýetli gatnaşykdadygyny düşündirýär. Onuň şol nesihaty bütin türkmen halkyna niýetlenen pentdir. Munuň şeýledigini türkmeniň däp-dessurlarynda, urp-adatlarynda, «Oguznamada», «Gorkut atada», «Göroglyda», türkmeniň nusgawy şahyrlary Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Azadynyň, Keminäniň, Seýdiniň, Zeliliniň döredijiliginde görmek bolýar. Sahawatlylyk we ynsanperwerlik ýaly ajaýyp sypatlar Döwletmämmet Azadynyň «Wagzy-Azat» eserinde adamzat jemgyýetiniň parahat, asuda, agzybir ýaşaýşynyň düýp binýady hökmünde görkezilýär. Şahyr ýaşaýşy adamlaryň, döwletleriň, halklaryň birek-birek bilen özara bähbitli, sylaşykly, oňşukly, deňhukukly gatnaşyklarynyň esasynda guramalydygy barada pikiri öňe sürýär. Her bir jedelli meseleleri düşünişmek arkaly özara ylalaşykly çözmegi ündeýär. Magtymguly Pyragy «Gidiji bolma» şygrynda halkyň arzuw-hyýalyny, maksat-myradyny beýan etmek bilen, ynsanlary adamkärçilige, doganlyk-dostluga, parahatçylykly ýaşaýşa, hoş sözlülige çagyrýar.

Ussat ýazyjy Nurmyrat Saryhanowyň «Şükür bagşy» eserini okanyňda hem, halkymyzyň bitaraplyk we parahatçylyk baradaky garaýyşlaryna göz ýetirmek bolýar. Şükür bagşynyň häsiýetleri onuň kalbynyň arassa, niýetiniň päkligini, hoşniýetliligini aňlatmak bilen, dost-doganlygyň agzybirlikdedigi, jebislikdedigi baradaky halkymyzyň asylly ýörelgeleriniň köküne kuwwat berýär. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eseri hem türkmen Bitaraplygy barada söhbet açýar. Milli Liderimiz: «Türkmen Bitaraplygymyz gadymy geçmişimizden gözbaş almak bilen birlikde geljege ýol salýan ýörelgedir» diýip belleýär. Ol Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik özgertmelerine badalga berýär.

Şu ýyl halkara giňişliginde üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyza 30 ýyl dolýar. Häzirki wagtda türkmeniň ýörelgeleri bütin dünýä ýüzünde dabaralanýar. Jümle-jahana parahatçylygyň gül ysyny ýaýradýar.

 

 

 

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Düzgünler berjaý edilmelidir
05.02.2026   178
Jemgyýet Halyçy zenanlaryň bäsleşigi
14.05.2025   393
Jemgyýet Halypa-şägirtlik ýoly
12.01.2026   174
Jemgyýet Oraza tutmagyň saglyga peýdasy
13.03.2024   629
Jemgyýet Watan mukaddesligi
10.02.2026   150
Jemgyýet Gyş günleriniň şatlygy
05.01.2026   172
Jemgyýet Röwşen geljegiň binýady
30.08.2024   569
image