Parahatçylygyň, dost-doganlygyň forumy
weather dashoguz 38° C Daşoguz

Parahatçylygyň, dost-doganlygyň forumy

Jemgyýet
04.08.2025  195

Dost-doganlygy, parahatçylygy hem-de ynanyşmagy esasy ýörelgeleriň biri hökmünde kesgitlän ata Watanymyz bu gün belent abraý-mertebä eýe bolýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly taryhy wakalara, şanly senelere beslenýär. Arzuwlaryň hasyl bolýan ülkesinde parahatçylyk mukamy belentden ýaňlanýar. Diýarymyzyň ösüşleri älemi haýrana goýýar.

Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Kararyna laýyklykda,  «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyny guramaçylykly geçirmek bellenildi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz şu ýylyň 13-nji iýulynda bu taryhy çözgüdi ýerine ýetirmek boýunça döwlet toparynyň iş maslahatyny geçirdi. Onuň dowamynda bellenilişi ýaly, halkara maslahat jemi 7 ugurdan ybarat bolar. Onuň çäklerinde parlament forumyny, hususy pudagyň maslahatyny, ýaşlar forumyny we beýleki çäreleri geçirmek göz öňünde tutulýar. Bu çäreler maslahatyň ähmiýetini has-da artdyrar.

Bilşimiz ýaly, Hazar — dost-doganlyk deňzi. Bitarap Türkmenistan daşary syýasatynda parahatçylygy, ynanyşmagy we özara bähbitli hyzmatdaşlygy ugur edinýär. Şunda Hazar deňzi boýunça hyzmatdaşlyk möhüm ugurlaryň biridir. Deňiz üsti bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlygy ýola goýmakda Türkmenbaşy halkara deňiz portunyň mümkinçilikleri has-da uludyr. Ösüp barýan döwletleriň deňiz üsti bilen ýükleriniň daşalmagynda geografik taýdan amatly ýerleşen ýurdumyzyň mümkinçilikleri örän uludyr. Bulary halklaryň dost-doganlygynyň bähbidine ulanmak özara bähbitli hyzmatdaşlygy giňeltmäge şert döredýär.

Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletleriň üçünji maslahatyna taýýarlygyň çäklerinde TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesi tarapyndan hem wagyz-nesihat duşuşyklary, «tegelek stoluň» başyndaky söhbetdeşlikler, maslahatlar guralýar. Olaryň dowamynda halkara maslahatyň ähmiýeti, dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda tutýan orny hakynda durlup geçilýär.

Hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllygynyň giňden bellenilýän ýylynda geçirilýän halkara çäreler eziz Diýarymyzyň şan-şöhratyny has-da beýgeldýär.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Hasabat ýygnagy
18.07.2026   20
Jemgyýet Baýramçylyga bagyşlandy
29.04.2026   68
Jemgyýet Milli ýörelgeler dabaralanýar
14.05.2025   280
Jemgyýet Bilim — röwşen geljegiň açary
08.09.2025   200
Jemgyýet Döwrebap merkezde okuw sapagy
04.06.2025   248
Jemgyýet Watan goragy — belent mertebe
28.01.2026   121
Jemgyýet Ýörelgämiz — sagdyn durmuş
08.04.2026   84
image