Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň halkara abraýy yzygiderli pugtalandyrylýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyza peşgeş beren «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitaby hemişelik Bitaraplygymyzyň taryhy ähmiýetini wagyz etmekde möhüm ähmiýete eýedir. Hormatly Prezidentimiziň belleýşi ýaly, kitapda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan üç gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýeti, parahatçylygy we ynanyşmagy üpjün etmäge gönükdirilen taryhy başlangyçlar giňden beýan edilýär.
Bitaraplyk türkmen halky üçin bahasyna ýetip bolmajak beýik taglymatdyr. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän daşary syýasat strategiýamyzyň düýp mazmuny hakynda bu ajaýyp eserde birnäçe maglumatlar beýan edilýär. 9 bölümden ybarat bolan kitap üç dilde neşir edilip, giň okyjylar köpçüligine niýetlenendir. Hemişelik Bitaraplygymyzyň 30 ýyllyk şanly toýunyň giňden bellenilen günlerinde elimize gowşan bu ajaýyp eser biz — partiýa işgärlerini we agzalaryny diýseň begendirdi, buýsandyrdy.
Geçen ýylyň 12-nji dekabrynda paýtagtymyzda geçirilen halkara forumda kabul edilen Aşgabat Jarnamasy Türkmenistanyň halkara abraýynyň has-da artýandygyna şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň «Türkmenistanyň Bitaraplygy — parahatçylygyň we ynanyşmagyň aýdyň ýoly» atly kitabynda: «Parahatçylyk türkmen halkynyň diňe bir saýlap alan ýörelgesi däl, eýsem, müňýyllyklardan bäri kemala gelen ýaşaýyş pelsepesidir. Bu garaýyş ata-babalarymyzyň tebigat, jemgyýet we ynsanperwerlik bilen sazlaşykly gatnaşyklaryndan gözbaş alýar» diýip bellemek bilen, parahatçylyk we ynanyşmak ýörelgesiniň ata-babalarymyzdan gelýän milli ýörelgämizdigini nygtaýar. Halkymyzyň ýaşaýyş pelsepesine öwrülen parahatçylyk we ynanyşmak medeniýeti häzirki wagtda halkara gatnaşyklarda möhüm ähmiýete eýedir. Gymmaty egsilmejek bu ajaýyp eser hemişelik Bitaraplygymyzyň ähmiýetine düşünmekde uly gollanmadyr.
Parahatçylygy, ynanyşmagy dost-doganlyk gatnaşyklarynyň mizemez binýadyna öwren Bitarap Türkmenistan häzirki wagtda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlykda birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Ýurdumyzyň başlangyjy bilen BMG tarapyndan kabul edilen Kararnamalar hem muny aýdyň tassyklaýar. Täze gadam basan ajaýyp ýylymyzda hormatly Prezidentimiziň galamy ýiti, ajaýyp eserleriniň höwri köp bolsun!