Welaýatymyzda Halkara Bitaraplyk güni ýokary ruhubelentlikde bellenilip geçildi
Halkymyzyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaşly ruhy-ahlak ýörelgeleriniň dowamy bolan hemişelik Bitaraplyk derejämiziň dünýäde iki gezek ykrar edilmegi hem-de onuň umumadamzat üçin bähbidi, Birleşen Milletler Guramasynyň ýörite Rezolýusiýasy bilen bu şanly senäniň “Halkara Bitaraplyk güni” hökmünde giňden bellenilýändigi mertebe buýsanjymyzdyr, egsilmez gymmatlygymyzdyr. Hormatly Prezidentimiziň Halkara Bitaraplyk güni mynasybetli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň halkyna iberen Gutlagynda: “Biziň döwletimiz ählumumy abadançylygyň we rowaçlygyň hatyrasyna Bitaraplygymyzyň gojaman taryhyň jümmüşinden gözbaş alýan parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik we ynsanperwerlik ýörelgelerine berk eýerip, dünýä döwletleri we iri halkara guramalar bilen netijeli hyzmatdaşlygyň ygtybarly köprülerini gurmak arkaly, halkara hyzmatdaşlygyň bütinleý täze, netijeli ýollaryny we ugurlaryny emele getirmek babatda gymmatly tejribe toplady” diýip bellemek bilen, hemişelik Bitaraplyk derejämiziň ähmiýetini aýratyn belläp geçýär.
Welaýat merkeziniň gözel künjekleriniň biri bolan Baş baýdak meýdançasynda ýokary ruhubelentlige beslenen dabara welaýat häkimliginiň jogapkär işgärleri, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň deputatlary, syýasy-jemgyýetçilik guramalaryň, edara-kärhanalaryň ýolbaşçylary, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar, il sylagly ýaşulular, mährem eneler we talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Dabaranyň başynda Döwlet senamyzyň belent owazynyň astynda Döwlet baýdagymyz ýokary galdyryldy. Bu bagtyýar pursata dabara gatnaşyjylar ellerini gursagyna goýup, oňa ruhubelentlik bilen goşulyşdylar.
Merdana halkymyzyň milli buýsanjy bolup, al-asmanda pasyrdaýan ýaşyl Tugumyzyň astynda baýramçylyk dabarasy dowam etdi. Dabarada ilki bilen, welaýatyň häkimi Nazarmyrat Nazarmyradow çykyş edip, baýramçylyk mynasybetli bu ýere ýygnananlary mähirli gutlady. Soňra dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar çykyş edip, türkmen Bitaraplygynyň gymmaty, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň şu ýylyň 6-njy dekabrynda geçirilen 77-nji sessiýasynyň 45-nji plenar mejlisinde Türkmenistanyň başlangyjy boýunça “2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly” atly Kararnamasynyň kabul edilendigi dogrusynda buýsançly belläp geçdiler.
Soňra dabara welaýatymyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi. Welaýatyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik toparynyň edebi-sazly kompozisiýasy, estrada aýdymçylarynyň ýerine ýetiren çykyşlary beýik döwrümiziň waspy bolup ýaňlandy. Şeýle hem tans toparlarynyň owadan tanslary mukamlar bilen sazlaşyp, aýratyn gözelligi köňüllere bagyş etdi.