Parahatçylygy dabaralandyrýan şanly ýyl
weather dashoguz -0° C Daşoguz

Parahatçylygy dabaralandyrýan şanly ýyl

Jemgyýet
02.01.2025  42

Ata Watanymyza Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýene-de bir şanly ýyly gadam basdy. Halkymyzyň erk-islegi esasynda bu ýyla «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip at berildi. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk ýörelgesine ygrarly bolmak bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygy we ynanyşmagy berkitmäge uly goşant goşýar.

Täze, 2025-nji — Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramy bilen şöhratlanar. Türkmen Bitaraplygy sebitde we dünýäde parahatçylygy, dost-doganlygy, ynanyşmagy hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy berkitmäge ýardam berýän ýörelgämizdir. Bitarap Türkmenistanyň başlangyjy boýunça Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan 2025-nji ýylyň «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edilmegi hem ýurdumyzyň halkara başlangyçlarynyň giň goldawa eýe bolýandygynyň güwäsidir.

Döwrümize şan getirjek 2025-nji ýyl hem ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýetli ýyllaryň biri bolar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýurdumyzyň parahatçylyk we ynanyşmak taglymatynyň dünýä doljak ajaýyp ýylynda halkara ähmiýetli möhüm çäreler guralar.

Täze taryhy döwrüň bu şanly ýyly eziz Diýarymyza goşa şatlyk bolup geldi. Täze ýylyň garşylanýan şatlykly günlerinde hormatly Prezidentimiziň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp kitabynyň çapdan çykmagy tutuş halkymyza toý sowgady boldy. Arkadagly Gahryman Serdarymyz özüniň ajaýyp eserinde geçen ýylyň taryhy ähmiýetli wakalara baý bolandygyny, kitapda geçen ýylda gazanylan üstünlikleriň jeminiň jemlenýändigini belledi.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly ajaýyp goşgusyndan şygar alan geçen ýylyň dowamynda ýurdumyzda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli döwlet we halkara derejede birnäçe çäreler, maslahatlar geçirildi. «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly ajaýyp eserinde hormatly Prezidentimiz özüniň gymmatly pikir-garaýyşlaryny ildeşlerimize ýetirýär. Kitapda geçen ýylyň taryhy ähmiýetli wakalary, dabaraly çäreleri baradaky täsirli söhbetler giňden beýan edilýär.

Täze ýylyň ilkinji günlerinde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy we hormatly Prezidentimizi Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly hem-de döwlet Baştutanymyzyň «Magtymguly — dünýäniň akyldary» atly kitabynyň çapdan çykmagy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny arzuw edýäris. Goý, Täze ýyl bereketli we düşümli ýyllaryň biri bolsun!

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Baş baýrama toý sowgady
20.09.2024   112
Jemgyýet Döwrebap bilim ojagynyň üstünlikleri
10.01.2025   37
Jemgyýet Bag — durmuşyň bezegi
30.10.2024   84
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
16.08.2024   76
Jemgyýet Hünärim bar — hormatym bar
03.08.2024   89
Jemgyýet «Myradym nesihat etmekdir halka»
09.07.2024   92
Jemgyýet Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
29.04.2024   141
image