Parahatçylyga, dost-doganlyga gönükdirilen taglymat
weather dashoguz 13° C Daşoguz

Parahatçylyga, dost-doganlyga gönükdirilen taglymat

Jemgyýet
09.09.2024  37

Şu ýylyň 21-nji martynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň 63-nji plenar mejlisinde Türkmenistan Watanymyzyň başlangyjy esasynda 2025-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek hakynda taryhy Kararnama biragyzdan kabul edildi. Dünýäniň 86 döwletiniň bu taryhy Kararnamanyň awtordaşy bolup çykyş etmegi ata Watanymyzyň halkara giňişligindäki abraý-mertebesiniň beýikdiginiň güwäsidir. Bu resminamanyň kabul edilmegi baky Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolan Garaşsyz türkmen döwletiniň dünýä bileleşiginiň halkara parahatçylygy we ynanyşmagy goramagyň zerurdygyny tassyklap, şu maksada ýetmek üçin tagallalary birleşdirmäge çalyşýandygynyň aýdyň güwäsidir. Kararnamanyň şeýle giň goldawa eýe bolmagy Bitarap Türkmenistanyň strategik maksatlarynyň umumy bähbitlere we meýillere laýyk gelýändiginiň, ýurdumyzyň BMG-niň Tertipnamasyna, ykrar edilen halkara hukuk kadalaryna esaslanýan döwletara hyzmatdaşlyga işjeň gatnaşýandygynyň nobatdaky güwäsi bolup, her bir türkmenistanlynyň geljeginiň aýdyň boljakdygyna ynamyny berkitdi. Çünki Bitaraplyk halkymyzyň taryhy ykbalynda Garaşsyzlyk bilen bir hatarda duran ägirt uly gymmatlykdyr. Ol ýurdumyzyň her bir raýaty üçin parahat durmuşyň kepillendirmesidir, ertirki gününe ynamly garamagydyr, arkaýyn zähmet çekmek we nesilleri erkana terbiýelemek mümkinçiligidir. Ýeri gelende, 2023-nji ýylyň 11-nji dekabrynda paýtagtymyz Aşgabatda geçirilen «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly halkara forumyň Jemleýji resminamasynyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň resminamasy hökmünde BMG-niň alty resmi dilinde Baş Assambleýanyň mejlisiniň gün tertibiniň «Parahatçylyk medeniýeti», «Dünýä gurluşy we parahatçylygy goldamak», «Merkezi Aziýada parahatçylyk, ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy» atly bölümleri boýunça çap edilip, ýaýradylandygyny ýatlamak diýseň ýakymly.

Türkmenistanyň Prezidentiniň parasatly baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk syýasy-hukuk derejesine esaslanýan Garaşsyz döwletimiz halkara meseleler çözülende, syýasy-diplomatik serişdeleriň ileri tutulyp ulanylmagy baradaky başlangyçlar bilen çykyş edýär. Hormatly Prezidentimiziň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmak, durnukly durmuş-ykdysady ösüşi üpjün etmek, adamyň hukuklaryny goramak, ekologiýa ýaly derwaýys ugurlarda gatnaşyklary ösdürmäge gönükdirilen teklipleri, garaýyşlary we täze başlangyçlary häzirki wagtda dünýä bileleşiginde uly gyzyklanma döredýär.

Ýeri gelende, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň BMG-niň belent münberinden dünýä jemgyýetçiliginiň uly goldawyna eýe bolan parahatçylygy we durnuklylygy gorap saklamak, halklaryň arasyndaky dostlugy goldamak, döwletara gatnaşyklary ösdürmek boýunça birnäçe halkara başlangyçlary öňe sürendigini-de buýsanç bilen bellemelidiris. Olaryň hatarynda BMG-de halkara meseleler çözülende syýasy-diplomatik serişdeleri ýerlikli ulanmagyň ýollaryny işläp düzmegiň zerurlygy barada BMG-niň Deklarasiýa kabul etmegi hakynda; energiýa serişdelerini öndürýänleriň, geçirýänleriň we ulanýanlaryň hukuklaryny we borçlaryny kesgitleýän we olaryň energetik howpsuzlygyny üpjün edýän hukuk resminamalaryny işläp düzmek; häzirki zaman täze we howpsuz transport infrastrukturasyny düzmek; ekologik howpsuzlygy üpjün edýän çäreler hakynda; bosgunlaryň we raýatlygy ýok adamlaryň meselelerini çözmegiň wajyplygy hakynda ýaly meseleler boýunça teklipleriň we hödürlemeleriň bardygyny bellemelidiris. Bu esaslandyrylan hödürlemeler BMG-ä agza döwletleriň has jebisleşmegine gönükdirilip, dünýä döwletlerinde uly gyzyklanma döretdi we halkara jemgyýetçiliginiň goldawyna eýe bolup, bular dogrusynda birnäçe Kararnamalar kabul edildi. Sözümiz gury bolmaz ýaly halkymyzyň Milli Lideriniň başlangyjy esasynda kabul edilen Kararnamalaryň käbirlerine ýüzleneliň! 2017-nji ýylyň 2-nji fewralynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 71-nji mejlisinde kabul edilen,12-nji dekabry «Halkara Bitaraplyk güni» diýip yglan etmek hakyndaky Kararnama, 2017-nji ýylyň 20-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji sessiýasynyň 74-nji mejlisinde kabul edilen «Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak bilen baglylykda ulaglaryň ähli görnüşleriniň arabaglanyşygyny berkitmek» atly Kararnama, 2018-nji ýylyň 12-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 72-nji maslahatynyň 82-nji mejlisinde kabul edilen «Birleşen Milletler Guramasynyň we Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk» atly Kararnama, 2018-nji ýylyň 16-njy aprelinde kabul edilen «Bütindünýä welosiped gününi» bellemek hakyndaky Kararnama, 2019-njy ýylda kabul edilen, 2021-nji ýyly «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmek baradaky Kararnama aýdanlarymyzy doly tassyklaýar.

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ata Watanymyzyň başlangyjy esasynda ählumumy parahatçylyga, dostlukly hyzmatdaşlyga gönükdirilen Kararnamalary kabul etmegi ýurdumyzyň halkara giňişlikde ynsanperwerlik ýörelgelerini berkitmek başlangyçlarynyň, onuň döredijilik we parahatçylyk söýüjilik mümkinçilikleriniň giňden ykrar edilýändiginiň aýdyň güwäsidir.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Kitap — kämilligiň gözbaşy
04.04.2024   104
Jemgyýet Işjeňligiň döwrebap nusgasy
07.09.2024   20
Jemgyýet Bagtyýar ýaşaýşyň kepili
25.07.2024   33
Jemgyýet Hünärim bar — hormatym bar
03.08.2024   22
Jemgyýet Ynsanperwerlige çagyrýan goşgular
02.04.2024   45
image