Pälwan bagşy
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Pälwan bagşy

Medeniýet
24.09.2026  46

Türkmeniň aýdym-saz, dessançylyk sungatyna özüniň uly goşandyny goşan görnükli halypa bagşylaryň biri hem Görogly etrabynda ýaşap geçen Pälwan bagşydyr. Halypa bagşy etrabyň Sazakly obasynda 1890-njy ýylda Ata bagşynyň maşgalasynda dünýä inýär. Ata bagşynyň dädesine Atanazar bagşy, onuň dädesine Goç bagşy, onuňam dädesine Hoja bagşy diýer ekenler. Bulara Hoja bagşylar diýýärler. Pälwan öz dädesi Ata bagşydan dutar çalmagyň, dessandyr aýdym aýtmagyň inçe syrlaryny ýaşlyk wagtyndan öwrenip başlaýar. Bularyň uly atasy Goç bagşy «Görogly» dessanynyň 44 şahasyny bilýän eken. Bu dessan Goç bagşydan nesillerine geçip gelipdir. Ony Pälwan bagşy doly bilipdir. Ýeri gelende aýtsak, Pälwan bagşynyň inisi Emin hoja-da ilhalar bagşy bolupdyr. Ol «Kemal ýarym» aýdymynyň eýesidir. Häzir bularyň ýoluny Pälwan bagşynyň agtygy Röwşen Pälwanow ýöredýär. Türkmeniň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy Hywada okap ýören wagty Hoja bagşylaryň tarypyny eşidip, ýörite gelip duşuşýar. Bular birnäçe wagt halka goşgy okap, aýdym aýdyp hezil berýärler. Hoja bagşylar bilen Garadäli gökleň, Sapar süýrentgi, Nazar baga, Magtymguly Garly, Öre şyh ýaly ägirt bagşylar gatnaşykda bolupdyrlar. Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy bilen ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň görnükli nusgalarynyň sanawyna girizilen «Görogly» eposy meşhur Pälwan bagşynyň dilinden ýazylyp alnandyr. Pälwan bagşy ýaş ýigit wagty dädesi Ata bagşy bilen diňe bir Daşoguz sebitlerinde däl, eýsem, Aşgabat, Gyzylarbat, Çeleken, hatda Eýranyň Kümüşdepe diýen ýerlerinde-de aýdymdyr dessan aýdyp, toý sowupdyr. Halypam Türkmenistanyň halk bagşysy Hojamyrat Öräýewiň gürrüň bermegine görä, Pälwan bagşy «Çabgaly», «Gyrat, gel!», «Abdylla şyh», «Ogulmeňli», «Meşrep», «Bu gije» ýaly birnäçe aýdymlary ezberlik bilen ýerine ýetirer eken. Elbetde, halypadan şägirde geçip, biziň şu günlerimize gelip ýeten mukaddes aýdymdyr dessanlarymyzy ussatlyk bilen ýerine ýetirmek biziň paýymyza düşýär. Häzirki ajaýyp zamanada bagtyýarlyk döwrümizi wasp edip, aýdymdyr dessanlarymyzy uly joşgun bilen aýtmagyň hem özboluşly lezzeti bar.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Bagşyçylygyň gadymy ojagy
17.06.2024   580
Medeniýet Ýaş halyçylaryň bäsleşigi
04.05.2024   634
Medeniýet Gadymy we şöhratly Änew
15.03.2024   787
Medeniýet Halypany hatyralap
13.04.2024   624
Medeniýet ​​​​​​​Zehinlä zowal ýok
09.07.2026   125
Medeniýet Teatryň toý sowgady
04.09.2023   610
Medeniýet Türkmeniň myrady hem syrdaşy
15.05.2026   161
image