Pähim-paýhasa hormat
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Pähim-paýhasa hormat

Jemgyýet
01.10.2025  121

Garaşsyz, baky Bitarap ýurdumyzda her ýylyň 1-nji oktýabrynda Ýaşulularyň halkara güni giňden bellenilip geçilýär. Ýaşuly nesle belent hormat-sarpanyň nyşanyna öwrülen baýramyň dabaraly çäreleri Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň toýly günlerinde-de aýratyn many-mazmuna eýe bolup, göwünleri galkyndyrdy.

Daşoguz welaýat häkimliginde geçirilen dabaraly maslahata welaýatyň döwlet we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, il sylagly ýaşulular, mährem eneler, ýaşlar gatnaşdylar. Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzda giňden bellenilýän Ýaşulularyň halkara gününiň halkymyzyň kalbynda uly orun alandygyny guwanç bilen belläp geçdiler. Çykyşlardan görnüşi ýaly, häzirki ajaýyp döwrümizde ýaşuly nesliň wekilleri ata Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlarymyzda ynsanperwerlik, zähmetsöýerlik, ile-güne wepalylyk ýaly gylyk-häsiýetleriň terbiýelenmeginde uly hyzmatlary bitirýärler. Dilleri senaly ýaşulular toý-märekeleriň, tutumly baýramçylyklaryň bezegi bolup, agzybirligiň, jebisligiň pugtalanmagyna uly goşant goşýarlar. Şonuň netijesinde olaryň abraý-mertebesi, sarpasy hemişe belent saklanylýar.

Baýramçylyk çäresinde ýaşuly nesliň wekillerine welaýatyň jemgyýetçilik guramalarynyň taýýarlan gymmat bahaly sowgatlary dabaraly gowşuryldy. Baýramyň şanyna şirin aýdym-sazlar belent ýaňlanyp, ýygnananlara ruhy lezzet paýlady.

Baýramçylyk mynasybetli Daşoguz şäheriniň Görogly meýdançasynda geçirilen aýdym-sazly dabara hem ýakymly öwüşginlere beslenip, ýaşulularymyza goýulýan çäksiz hormat-sarpany alamatlandyrdy.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Edepli  ile ýarar
17.02.2025   299
Jemgyýet Goşa mukaddesligiň şanyna
16.05.2025   241
Jemgyýet Umyt uçgunlary
09.05.2025   257
Jemgyýet Ylym-bilime sarpa
27.05.2025   221
Jemgyýet Ynsanperwerligi ýörelge edinip
08.07.2025   229
Jemgyýet Enelere sarpanyň beýany
06.03.2026   51
Jemgyýet Tomus — 2025
20.06.2025   238
Jemgyýet Anyk wezipelerden ugur alnyp
05.09.2025   167
image