Pähim-paýhas ummanyndan damjalar
weather dashoguz 9° C Daşoguz

Pähim-paýhas ummanyndan damjalar

Jemgyýet
06.11.2024  469

Türkmeniň akyldar şahyry Magtymguly Pyragy halkymyzyň milli buýsanjydyr. Onuň altyna gaplaýmaly setirleri öz döwürdeşleri we soňky nesiller üçin durmuş mekdebine öwrüldi.

Akyldar şahyryň öwüt-nesihat äheňli «Gidiji bolma!» goşgusynyň ýigrimi bäş bendinde-de ynsan üçin möhüm ähmiýetli meseleler gozgalýar. Goşguda Watany terk etmezlik, özüňden egsik namarda gulluk etmezlik, çagyrylan ýere barmak, çagyrylmadyk ýerde görünmezlik, ile desterhan ýazmak, ýalan söz aýtmazlyk, kelçik sözlemezlik, men-menlik, goldan gelmez işi etmezlik, barar ýere kesek atmazlyk... ýaly pikirler öňe sürülýär.

Beýik Magtymgulynyň:

Bir biçäre-ýalňyz kişä
Sütem eýläp, zor olmagyl
! —

diýen çuň manyly setirleri ynsanperwerlik meselesiniň akyldar şahyryň pähim-paýhas ummanyndan uly orun alandygyny subut edýär.

Adamy kemsidýän adamyň özi näkes hasaplanylýar. Adama göwne degiji, bagyr agyrdyjy sözleri aýtmazlyk şygryň birnäçe bendinde dürli öwüşgin çaýylyp beýan edilýär.

Şahyr mylaýym adamlaryň guly bolmaga-da taýýar:

Eger sen hem bolsaň nermi-mylaýym,
Mylaýym sen bolsaň, guluň bolaýym
,
Gulagymga beren pendiň
alaýym,
Kişige gaty söz aýdyjy bolma!

Söz Allanyň ynsana eçilen peşgeşi. Sözde uly güýç bar. Şol peşgeşden ýerlikli peýdalanmak barada şahyryň goşgusynda: «Söz tapsaň sözlegil, tapmasaň bol hap...», «Hergiz öz sözüňden gaýdyjy bolma...», «Bolar-bolmaz sözi aýdyjy bolma...», «Kişige gaty söz aýdyjy bolma...» ýaly birgiden nesihatlar berilýär.

Şahyr ýalançylygy adama gelişmeýän ýaramaz pişe hasaplaýar. Ýalançylary ýazgarýar. Dogry sözlüligi mertligiň nyşany hökmünde dabaralandyrýar:

Mert ogludyr ile ýazar desterhan,
Dogry söz üstünde berer şirin jan,
Ömrüni ötgerer
, diýmez bir ýalan,
Jäht eýläp, ýalan söz aýdyjy bolma!

Magtymgulynyň «Gidiji bolma!» goşgusy adamlara durmuşda özüňi alyp barmagyň kada-kanunlaryny, belent adamkärçilikli garaýyşlary öwredýändigi bilen ähmiýetlidir. Milli Liderimiziň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusynyň:

Barymyzy şärik edýär ägirt şöhrat-şanyna,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy —

diýen setirlerinden görnüşi ýaly, Taňrynyň türkmene eçilen Magtymgulusy türkmen şygryýetini dünýä tanatdy. Halkymyz dana şahyryň şöhrat-şanyna şärik bolup, oňa müň togap bilen tagzym edýär.

Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň 2024-2025-nji ýyllarda ÝUNESKO bilen bilelikde bellenip geçiljek şanly seneleriň sanawyna goşulmagy türkmen halkynyň beýik şahyrynyň päk ruhuna goýulýan egsilmez hormatyň nyşanydyr.

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Nurana baýramçylygyň şatlygy
31.12.2024   417
Jemgyýet Bagtyýarlygyň we rowaçlygyň binýady
09.04.2026   132
Jemgyýet Kitap  gaznasy baýlaşýar
23.09.2026   42
Jemgyýet Abadançylygyň kepili
15.09.2025   231
Jemgyýet Bedew atyň tarypyny aýdaly
15.04.2024   552
Jemgyýet Sagdyn jemgyýet — berkarar döwlet
30.07.2025   232
Jemgyýet Şanly ýylyň şanyna
10.04.2026   126
Jemgyýet Halkara hyzmatdaşlygynda täze sahypa
04.10.2025   222
image