Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Pagtaçylaryň armasy ýetirilýär

Ykdysadyýet
18.10.2025  222

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň güýz pasly zähmet üstünliklerine beslenýär. Gazanýan ajaýyp netijelerine guwanýan pagtaçy daýhanlarymyz uzak wagtyň dowamynda der döküp ýetişdiren pagta hasylyny gysga wagtyň içinde ýygnap, Watan harmanyna tabşyrmak üçin gujur-gaýratlaryny gaýgyrman, ähli derwaýys işleri ýokary depginde amala aşyrýarlar. Olaryň armasyny ýetirmek, işe bolan höweslerini artdyrmak ugrunda dürli medeni çäreler hem yzygiderli guralýar. Şeýle medeni çäreleriň biri Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň «Akgala» daýhan birleşiginiň pagta meýdanynda guraldy.

Etrap häkimliginiň, etrap medeniýet bölüminiň, jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde guramaklarynda kärendeçi pagtaçylaryň, mehanizatorlaryň ençemesiniň gatnaşmagynda günorta arakesme wagtynda geçirilen bu çärede etrabyň medeniýet we sungat ussatlary, ýaş zehinli ýerine ýetirijiler şowhunly aýdym-sazly çykyşlary, folklor topary joşgunly tanslary ýerine ýetirip, zähmetsöýer babadaýhanlaryň alkyşyna mynasyp boldular.

Şunlukda, medeni çäre pagta ýygymy möwsümini üstünlikli geçirip, bellenen sepgitlere abraý bilen ýetilmegine mynasyp goşant goşmagy maksat edinýän janypkeş daýhanlary has-da yhlasly, öndürijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrdy.

Dabarada öňdebaryjy kärendeçilere, kombaýnçylara, mehanizatorlara hem-de sürüjilere etrabyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Azyk bolçulygyna goşant
21.04.2026   141
Ykdysadyýet Giň ýaýladaky zähmet joşguny
11.10.2025   199
Ykdysadyýet Telekeçiligiň ösdürilmegine uly goşant
20.08.2025   217
Ykdysadyýet Islegli önümler öndürilýär
14.11.2023   354
Ykdysadyýet Ykdysady ulgamdaky sanly özgertmeler
12.06.2023   427
Ykdysadyýet Bugdaýyň idegi ýetirilýär
14.04.2026   113
Ykdysadyýet Miweli baglaryň bagbany
06.08.2026   88
Ykdysadyýet Halal gazanç — rysgal-döwlet
29.07.2024   364
image