Pagtaçy daýhanlaryň üstünligi
weather dashoguz 16° C Daşoguz

Pagtaçy daýhanlaryň üstünligi

Ykdysadyýet
04.10.2024  307

Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynyň pagtaçy kärendeçileri häzirki jogapkärli möwsümi ýokary depginlerde alyp barýarlar. Etrabyň pagta arassalaýjy kärhanasyna degişli bolan traktorlaryň 24 sanysy, tirkegleriň 48 sanysy taýýar hasyly pagta kabul ediş harmanhanalaryna daşamakda peýdalanylýar. Şeýle hem pagta kabul ediş harmanhanalaryň 7 sanysy daýhanlaryň ýetişdiren hasylyny bökdençsiz kabul edýär.

Ähli işleriň utgaşykly alnyp barylmagy netijesinde «ak altyn» harmanlary barha beýgelýär. Bellenen ýyllyk meýilnamany berjaý eden kärendeçilerden etrabyň «Derýalyk» daýhan birleşiginden Altyn Kylyçowa, Nazokat Durdymyradowa, «Täzegüýç» daýhan birleşiginden Magsat Meredow, «Kyrkgyz» daýhan birleşiginden Oguljemal Musaýewa, «Watan» daýhan birleşiginden Bossan Sähedowa, Ýazgül Agabaýewa, «Akderýa» daýhan birleşiginden Üzümgül Mätgurbanowa, «Zaman» daýhan birleşiginden Göwher Gölbaýewa, Güljahan Baýramowa dagyny görkezmek bolar. Bu kärendeçileriň gazanan ýokary netijeleri mukaddes Garaşsyzlygymyzyň toýuna mynasyp zähmet sowgady boldy.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Jogapkärli möwsüme taýýarlyk
05.06.2024   322
Ykdysadyýet Ekişe ykjam taýýarlyk
31.08.2026   34
Ykdysadyýet Sanly ulgamyň amatlyklary
12.08.2026   88
Ykdysadyýet Hojalykda ulanylan kädiler
07.07.2025   328
Ykdysadyýet Ulgam ösüş ýolunda
15.12.2023   380
Ykdysadyýet Daýhan yhlasynyň ajaýyp netijeleri
28.07.2025   230
Ykdysadyýet Maldarçylykda jogapkärli döwür
01.04.2026   127
image