Daşoguz welaýatynyň Köneürgenç etrabynda «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda 18 müň gektar ýerde ýetişdirilen «ak altyny» bökdençsiz kabul etmek, gaýtadan işlemek möhüm işleriň hatarynda durýar. Bu ugurda etrapdaky pagta arassalaýjy kärhanada taýýarlyk işleri sazlaşykly alnyp barylýar. Kärhananyň garamagyndaky 7 sany harmanhanalarda abatlaýyş işleri amala aşyrylyp, hasyly kabul etmek üçin ähli zerur şertler döredilýär. Kärhanada bar bolan traktorlaryň 24-si, tirkegleriň 54-si abatlanylyp, zerur tehniki hyzmatlar ýerine ýetirildi. Olar taýýar hasyly harmanhanalara daşamakda peýdalanylar. Kärhanada hereket edýän laboratoriýalarda pagtanyň çyglylyk, arassalyk ýagdaýy barlanyp, onuň hil derejesi kesgitlener. Şeýle hem kärhananyň işgärleri bilen ýangyn, tehniki howpsuzlygynyň düzgünleri boýunça düşündiriş, okuw sapaklary geçirilýär.