Pagta ýygymy guramaçylykly barýar
weather dashoguz 17° C Daşoguz

Pagta ýygymy guramaçylykly barýar

Ykdysadyýet
24.09.2024  356

Şu günler ýurdumyzyň ähli ýerlerinde bolşy ýaly Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynda hem pagta ýygymy ýokary depginlerde barýar. Etrabyň pagtaçy daýhanlary «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda köp zähmet siňdirilip ýetişdirilen hasyly çalt hem-de ýitgisiz ýygnap alyp, Watan harmanyna goşmak ugrundaky aladalary turuwbaşdan giň ýaýbaňlandyryp, guwandyryjy netijelere eýe bolýarlar.

Etrabyň Magtymguly Garlyýew adyndaky daýhan birleşiginiň pagtaçy kärendeçileriniň häzirki döwürde ir ertirden giç agşama çenli atyz-meýdanlarynda öndürijilikli zähmet çekip gazanýan öňegidişlikleri-de, muňa mysal bolup biler. Ýeri gelende aýtsak, olar şu möwsümde 1430 gektar meýdandan 2817 tonna «ak altyn» ýygnamagy göz öňünde tutýarlar.

Şeýlelikde, daýhan birleşiginiň kärendeçiler toparlarynyň ählisinde ýygymyň guramaçylykly alnyp barylmagy her günde onlarça tonna pagtanyň kabul ediş bölümine ugradylmagyna şert döredýär. Şonda tejribeli kärendeçilerden Isgender Hudaýkulyýewiň, Allanur Allanurowyň, Jumagül Gurbanowanyň we beýlekileriň oňat görelde görkezýändiklerini bellemek bolar. Daýhan birleşiginiň gowaça meýdanlarynda hasyl näçe diýseň bar. Munuň özi ýygymyň depginini has-da ýokarlandyrmaga, şeýlelikde, öňde goýlan maksatlara ýetilmegine ýol açýar.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Ykdysadyýetiň möhüm pudagy
24.12.2024   230
Ykdysadyýet Jogapkärli möwsüme taýýarlyk görülýär
19.04.2024   312
Ykdysadyýet Islegli önümler öndürilýär
14.11.2023   280
Ykdysadyýet Üstünlik yhlasa bagly
10.10.2025   124
Ykdysadyýet Belent harman ugrunda
04.11.2024   233
Ykdysadyýet Gowaça bejergisiniň depgini ýokary
08.05.2025   172
image