Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidentiniň: «Geljekde her bir maşgalanyň öýi hem-de jaýy bolar» diýen sözlerine laýyklykda, häzirki wagtda ilatyň ýaşaýyş jaýy bilen üpjünçiligi barha ýokarlanýar. Ýurdumyzda ähli amatlyklary bolan döwrebap ýaşaýyş jaý toplumlary yzygiderli gurulýar. Uzak möhletli we ýeňillikli bank karzlarynyň esasynda gurulýan ýaşaýyş jaýlary adamlar hakynda edilýän uly aladalaryň aýdyň nyşanydyr. Bu bolsa durmuş ugurly döwlet syýasatynyň rowaçlanýandygynyň subutnamasy bolmak bilen, raýatlaryň ýaşaýyş jaýyna bolan hukuklarynyň hem kepili bolup durýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň şu ýylyň 5-nji iýunynda Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Daşoguz şäherinde birbada 8 sany köp öýli döwrebap ýaşaýyş jaýlarynyň açylmagy munuň aýdyň mysalydyr.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly üstünliklere beslenýän günlerinde akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giň gerimde bellenilmegi halkymyzyň baý edebi we medeni mirasyna goýulýan belent hormatyň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Bu babatda «Magtymguly Pyragynyň medeni mirasy hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň ähmiýetiniň örän uly bolandygyny buýsanç bilen bellemelidiris. Akyldar şahyrymyzyň doglan gününiň 300 ýyllygy halkara derejede giňden dabaralandyrylýar. Bu şanly sene mynasybetli «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly hem döredildi. Bu ýubileý medaly bilen ilkinji gezek Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň sylaglanylmagy beýik özgertmeler döwründe ösdürilýän halkara gatnaşyklaryň taryhynda ajaýyp wakalaryň biri boldy.
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýöredýän döwlet syýasatynda ilatyň durmuş derejesini ýokarlandyrmaga uly ähmiýet berilýär. Şonuň netijesinde, şu ýylyň 6 aýynyň jemlerine bagyşlanyp geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň kabul eden 2025-nji ýylyň 1-nji ýanwaryndan zähmet haklarynyň, talyp we diňleýji haklarynyň, döwlet kömek pullarynyň we pensiýalaryň möçberini 10 göterim ýokarlandyrmak hakyndaky taryhy çözgüdi halkymyzyň kalbynda çäksiz hoşallygy döretdi.