Özbaşdaklygyň hem baky bitewüligiň mizemez nusgasy
weather dashoguz 19° C Daşoguz

Özbaşdaklygyň hem baky bitewüligiň mizemez nusgasy

Jemgyýet
27.09.2024  363

Tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, Daşoguz welaýatynda hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygy dabaraly bellenildi. Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçen nobatdaky mejlisiniň taryhy çözgütlerinden emele gelen galkynyş  mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly senesiniň dabaralaryna özboluşly mazmun çaýdy. Bu döwlet berkararlygymyzyň şanly toýy mynasybetli guralan dabaralarda hem has aýdyň ýüze çykdy.

Şeýle dabaralaryň esasysy welaýat merkezleriniň iň gözel künjeginde ýerleşýän Baş baýdak meýdançasynda baýramçylyk gününiň ir säherinde ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi. Toý ruhunda bezelen meýdança welaýat, şäher häkimlikleriniň ýolbaşçylary, jogapkär işgärleri, Mejlisiň deputatlary, halk maslahatlarynyň agzalary, edara-kärhanalaryň, jemgyýetçilik guramalaryň ýolbaşçylary, ýaşuly hem ýaş nesliň wekilleri, dürli ugurlarda zähmet çekýän adamlar ýygnandylar. Bir-birege baýramçylyk mynasybetli ýagşy arzuw-dileglerini aýdýan adamlaryň kalbyndan çykýan joşgun daşky gözellik bilen sazlaşyp, dabaraly pursatlara özboluşly mazmun çaýdy.

Garaşylan wagtyň ýetip gelmegi bilen, Döwlet senamyzyň belent owazy astynda Döwlet baýdagymyz ýokary galdyryldy. Dabara ýygnanan adamlar ellerini döşüne goýup, oňa uly buýsanç bilen ses goşdular. Ir säher bilen al-asmanda buýsançly pasyrdaýan ýaşyl Tugumyz welaýatymyzyň zähmetkeş halkynyň baş baýramymyza belent ruh, uly güýç bilen gelendigini äleme buşlap, erkana parlady.

Soňra dabarada baýramçylyk mynasybetli çykyşlar guraldy. Çykyş edenler mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ýyllary içinde döwlet hem jemgyýetçilik durmuşynda gazanylan üstünlikler, ýetilen belent sepgitler, döwrebap özgertmeleriň esasynda amala aşyrylan beýik işler barada uly buýsanç bilen aýtdylar.

Çykyşlaryň dowamy welaýatyň medeniýet we sungat ussatlarynyň baýramçylyk mynasybetli taýýarlan aýdym-sazlaryna utgaşdy. Ilki bilen, welaýatyň N.Andalyp adyndaky döwlet sazly drama teatrynyň döredijilik topary tarapyndan edebi-sazly kompozisiýa ýerine ýetirildi. Onda döwlet berkararlygymyzyň gazanan üstünlikleri giň beýanyny tapdy.

Al-asmana uçurylan owadan şarlar halkymyzyň göterilen ykbalynyň buşlukçysyna öwrülip, alyslara ýol aldy.

 

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Umumadamzat ähmiýetli başlangyçlar
11.08.2025   161
Jemgyýet Bol suw — bereketli hasyl
22.01.2025   308
Jemgyýet Halk Maslahaty — beýik işlere badalga
05.08.2024   387
Jemgyýet Arşyň ganaty — döwrüň şöhraty
27.04.2026   26
Jemgyýet Söhbetdeşlik geçirildi
30.11.2024   360
Jemgyýet Watanyň mertebe tugy
09.03.2024   1009
image