Sungat dünýäsine aralaşmak şatlyk duýgusyny oýarýar we ruhy lezzet berýär. Sungata keramat hökmünde garalýar. Aýdym-saza, medeniýete ömrüni, ykbalyny baglan ynsanlar bolsa dünýäde iň bagtly adamlardyr. Şeýle bagtdan paýly zenanlaryň biri-de Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy, «Akdepe nagmalary» çagalar folklor tans toparynyň ýolbaşçysy Bäbek Nuryýewadyr. Ol 1968-nji ýylda Aşgabadyň Gara Seýitliýew adyndaky medeni aň-bilim tehnikumyna okuwa girip, ony 1972-nji ýylda üstünlikli tamamlaýar. Teatr ugrundan ýörite bilim alan Bäbek Nuryýewa Daşoguzyň Nurmuhammet Andalyp adyndaky halk teatrynda işe başlaýar. Ol teatrda işlän wagtlary Nurmyrat Saryhanowyň «Gyrnak söwdasy», «Gorkut ata» eposyndan «Bugaç han», şeýle hem «Owadan» we «Jennetden çykan içýan» ýaly spektakllary sahna çykardy. Onuň döredijilik işlerine halypalary hem-de işdeş ýoldaşlary, teatr synçylary tarapyndan mynasyp baha berildi.
Hoşgylaw hem talapkär zenanyň döredijilikli gözlegleri, yhlasly agtaryşlary barha rowaçlanýar. Ol halk teatrynda işlän ýyllarynda ululy-kiçili döwrebap sahna eserleriniň 70-e golaýyny sahnalaşdyryp, tomaşaçylara hödürledi. Olaryň köpüsi öz wagtynda degişli ýokary guramalaryň sylaglaryna, Hormat hatlaryna, hoşallyklaryna mynasyp boldy.
1998-nji ýyldan bäri Akdepe etrabyndaky çagalar sungat mekdebiniň «Akdepe nagmalary» çagalar folklor tans toparyna ýolbaşçylyk edip gelýän Bäbek Nuryýewanyň döredijilik meýdanyndaky ädimleri ynamly. Bu topar Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň çäklerinde geçirilýän «Garaşsyzlygyň merjen däneleri» bäsleşigine, welaýatda geçirilýän medeni-köpçülikleýin çärelere işjeň gatnaşýar. 2011-nji we 2015-nji ýyllarda Türkmenistanyň Prezidentiniň «Türkmeniň Altyn asyry» atly bäsleşiginiň ýeňijisi bolan bu topar Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe şirin aýdym-sazlaryň, joşgunly folklor we tans çykyşlarynyň üsti bilen halkymyzyň abadançylygynyň waspyny ýetirýär.
Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan 2015-nji ýylda «Bagtyýar nesilleriň nagmalary» atly ýurdumyzda öz zehinleri bilen adygan çagalar toparlary barada ajaýyp kitap neşir edildi. Bu neşirde Bäbek Nuryýewa we onuň ýolbaşçylyk edýän «Akdepe nagmalary» tans topary barada maglumatlar we dürli baýramçylyk çykyşlaryndan pursatlar ýerleşdirilen.
Öz hünäriniň ussady, guýmagursak zehin Bäbek Nuryýewa birnäçe şägirtleri hem ýetişdirýär. Şeýle şägirtleriň hatarynda Hemra Muhadowy, Şemşat Gurbanowany, Rejep Kowusowy, Didar Hojamyradowy, Döwran Garaýewi, Begenç Haknazarowy görkezmek bolýar. Olar döredijilikli zähmetleri bilen tapawutlanýarlar, hemişe öz halypalaryndan maslahat sorap, kämilleşýärler. «Akdepe nagmalary» tans toparynda terbiýelenip, öz ykballaryny sungat bilen baglan zehinli ýaşlar Ogulgül Aýnazarowanyň, Bibi Muhadowanyň, Gülruh Ýegendurdyýewanyň häzirki wagtda bu ugurdan ýokary okuw mekdebinde gazanýan üstünlikleri Bäbek Nuryýewany buýsandyrýar. Çünki öz çeken zähmetiň miwelerine guwanmakdan belent bagt ýok bolsa gerek.
Türkmen medeniýetiniň we sungatynyň eşretli zamanamyzda gülläp ösmegi üçin zehinini, yhlasyny gaýgyrman bu ulgamda zähmet çekýän sungat işgärleriniň aýratyn orny bar. Geljekde-de «Akdepe nagmalary» çagalar folklor tans toparynyň täze üstünliklere, ýokary derejelere eýe bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň waspçylary boljakdygyna ynanýarys.