Owazy äleme doldy dutaryň!
weather dashoguz 18° C Daşoguz

Owazy äleme doldy dutaryň!

Medeniýet
14.09.2023  584

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden «Türkmeniň Altyn asyry» atly baýragyny almak ugrundaky bäsleşigiň çäklerinde dutarçy bagşy-sazandalaryň arasynda «Çalsana, bagşy!» atly bäsleşigiň jemleýji tapgyry geçirildi. «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna Aşgabat şäherinden we ýurdumyzyň welaýatlaryndan bagşylaryň 12-si hem-de şonça sazanda gatnaşdy. Hormatly Prezidentimiziň ýaşlaryň döredijiligine berýän üns-aladasyndan ruhlanyp, bäsleşige gatnaşyjylar paýtagtymyzdaky kaşaň sahnada özleriniň aýdym-sazlaryny mähir we ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda ýeňiji bolan bagşylaryň hem-de sazandalaryň 12-siniň atlary yglan edildi we olaryň her birine ýörite diplom hem-de altyn zynjyr gowşuryldy. Şeýle hem «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginiň jemleýji tapgyryna gatnaşanlaryň ählisine hormatly Prezidentimiziň adyndan ýadygärlik sowgatlar gowşuryldy.

Ýurdumyzyň ýaş dutarçy bagşy-sazandalarynyň arasynda ikinji gezek ýokary derejede geçirilen «Çalsana, bagşy!» bäsleşiginde ýeňiji bolan ýaşlaryň arasynda Daşoguz welaýatynyň Görogly etrap medeniýet bölüminiň Türkmenistan geňeşligindäki Kerpiçli oba medeniýet öýüniň aýdym-saz ýolbaşçysy Güýçmyrat Atabaýew, Akdepe etrabynyň çagalar sungat mekdebiniň mugallymy Begenç Urpekow dagy hem bar.

Meňzeş habarlar

Medeniýet Alajalar nagyş hökmünde
09.01.2023   1410
Medeniýet Şygryýet äleminiň çyragy
10.06.2024   681
Medeniýet Milli medeniýetiň galkynyşy
05.06.2025   386
Medeniýet Ýüreklerde orun alan şahyr
30.04.2024   569
Medeniýet «Ýaňlan, Diýarym! — 2025»
03.06.2025   621
Medeniýet Şahandazdyr gözel ili türkmeniň
25.08.2025   277
image