Hyzmat ulgamy işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň guramagynda Daşoguz welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň mejlisler zalynda «Ýylymyzyň şygary — ösüşlerimiziň binýady» ady bilen geçirilen maslahata birleşigiň garamagyndaky edara-kärhanalaryň işgärleri, KA-nyň agzalary ýokary ruhubelentlik bilen gatnaşdylar.
Maslahatda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň pudaklar boýunça utgaşdyryjysy Mämmetdurdy Muhammedow, Daşoguz welaýat suwda halas ediş müdirliginiň başlygy Baýram Myradow, Daşoguz welaýat Jemagat hojalygy birleşiginiň hünärmeni Joşgun Çäşembaýew, Daşoguz şäher ýylylyk müdirliginiň hünärmeni Çemen Myradowa, hyzmat ulgamy işgärleriniň KA-nyň Daşoguz şäher geňeşiniň başlygy Allamyrat Saryýew dagy çykyş etdiler. Çykyşlarda ajaýyp döwrümizde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk toýunyň uludan tutuljak ýylyna şeýle adyň berilmeginiň çuň many-mazmuna eýedigi, şeýle hem hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda eziz Diýarymyzda bedew batly ösüş-özgerişleriň gazanylýandygy, halkymyzyň bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşamagy üçin beýik işleriň amala aşyrylýandygy uly buýsanç bilen bellenildi.