Ösüşlere beslenen taryhy menzil
weather dashoguz 24° C Daşoguz

Ösüşlere beslenen taryhy menzil

Jemgyýet
25.05.2026  41

Türkmenistanyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy pederlerimiziň asyrlar boýy arzuw eden azatlygynyň, özbaşdaklygynyň, döwletliliginiň we milli galkynyşynyň dabaralanmasydyr. Bu sene ýurdumyzyň taryhynyň täze bir sahypasyny jemleýän we geljege uly ynam bilen garamaga mümkinçilik berýän taryhy menzildir. 1991-nji ýylyň güýzünde Türkmenistan özüniň Garaşsyzlygyny dünýä äşgär etdi. Şondan bäri geçen 35 ýylyň dowamynda ýurdumyz taryh üçin gysga, emma mazmuny boýunça asyrlara barabar bolan uly ösüş ýoluny geçdi. Garaşsyzlyk bize öz ykbalymyzy kesgitlemäge, milli gymmatlyklarymyzy dikeltmäge we dünýä bileleşiginde abraýly orny eýelemäge mümkinçilik berdi.

Şanly 35 ýylyň içinde Türkmenistan agrar ýurtdan senagatlaşan, ykdysady taýdan kuwwatly döwlete öwrüldi. Ýurdumyzyň dürli künjeklerinde gurlan döwrebap şäherler, täze önümçilik kärhanalary, halkara ähmiýetli ulag-üstaşyr geçelgeleri Garaşsyzlygyň beren miweleridir.

«Döwlet adam üçindir!», «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen ýörelgeler esasynda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesiniň yzygiderli ýokarlanmagy, şäherdir obalarymyzyň keşbiniň düýpgöter özgermegi bu mukaddesligiň amaly beýanydyr. Garaşsyzlyk ýyllarynda türkmen halky özüniň gadymy medeniýetine, asylly däp-dessurlaryna we edebi mirasyna täzeden gowuşdy. Magtymguly Pyragynyň, Döwletmämmet Azadynyň we beýleki söz ussatlarymyzyň arzuw eden döwletliligi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öz hakyky beýanyny tapdy.

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramy biziň agzybirligimiziň we jebisligimiziň baýramydyr. Geçen ýollara nazar salanymyzda, gazanylan üstünlikleriň her birinde halkymyzyň halal zähmetini, ertirki gününe bolan ynamyny görýäris. Şanly ýylda gurlup ulanmaga berilýän her bir desga, gazanylýan her bir ýeňiş mukaddes Garaşsyzlygymyzyň sarsmaz sütünidir.

Goý, Türkmenistan döwletimiziň Garaşsyzlygy ebedi, halkymyzyň ýoly bolsa elmydama ak we rowaç bolsun!

Meňzeş habarlar

Jemgyýet Şanly ýylyň dabarasy
23.11.2024   339
Jemgyýet Ýörelgämiz — sagdyn durmuş
08.04.2026   55
Jemgyýet 6-njy oktýabr — Hatyra güni
06.10.2025   150
Jemgyýet Zamana buýsanjyň beýany
07.02.2025   315
Jemgyýet Tüwi iýen taplanar
10.05.2026   41
Jemgyýet Çagany ýaşdan...
04.06.2024   385
Jemgyýet Sähradaky haýyrly işler
16.03.2024   502
Jemgyýet Ajaýyp eseriň gymmaty wagyz edildi
28.12.2024   354
image