Ýurdumyzyň döwlet syýasatynda gazanylýan üstünlikleri wagyz etmek maksady bilen, golaýda TKA-nyň Daşoguz welaýat birleşmesiniň mejlisler zalynda dabaraly maslahat geçirildi. Oňa KA-nyň Daşoguz welaýat, etrap birleşmeleriniň jogapkär işgärleri, pudaklaýyn utgaşdyryjylar, pudaklaýyn şäher geňeşleriniň başlyklary gatnaşdylar.
Maslahatyň dowamynda guralan çykyşlarda hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasaty esasynda durmuşa geçirilýän işleriň ählisiniň parahatçylygyň we gülläp ösüşiň nusgalyk ýoly hökmünde ykrar edilýändigi, täze taryhy döwrümiziň her bir pursadyna şan berýän beýik işleriň döwletimiziň abraý-mertebesini artdyryp, halkyň durmuş abadançylygyny pugtalandyrýandygy dogrusynda giňişleýin gürrüň edildi.
Şeýle hem taryhy şygara beslenen şu ýylymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk ýubileý senesini giňden dabaralandyrmakda öňde durýan wezipeler, maksatnamalaýyn işler dogrusynda özara pikir alşyldy.