Ösüşiň möhüm ugry
weather dashoguz 23° C Daşoguz

Ösüşiň möhüm ugry

Ykdysadyýet
14.12.2023  312

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ulag ulgamyndaky ösüşler ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny has-da berkidýär. Ykdysady kuwwatyň berkemegi bolsa, gönüden-göni raýatlaryň eşretli durmuşda ýaşamagyny we ata Watanymyzyň halkara derejedäki abraý-mertebesiniň artmagyny şertlendirýär. Dünýäniň ulag ulgamyna işjeň goşulmak ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda durýar. Diýarymyz iki yklymyň çatrygynda, amatly çäkde ýerleşmek bilen, ulaglaryň ähli görnüşlerini ösdürmegiň uly mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanýar. Halkara tejribeden mälim bolşy ýaly, dünýä döwletleriniň ykdysadyýetiniň özeni sebit we halkara derejede deňiz-derýa, awtomobil, demir ýol, howa ulaglarynyň hereketiniň häzirki zaman, döwrebap şertleriniň emele gelmegine bagly bolup durýar.

Ýurdumyzyň ulag ulgamynda halkara hyzmatdaşlyk barha giň gerime eýe bolýar. Bu hyzmatdaşlygyň esasy ugry hökmünde dünýä halklarynyň bähbidini araýan halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini döretmek meselesine möhüm orun degişlidir. Türkmenistanyň geografik taýdan amatly ýerde ýerleşmegi ulag ulgamyny ösdürmäge niýetlenen halkara ähmiýetli iri taslamalary durmuşa geçirmäge esas döredýär. Munuň özi ýurdumyzy Merkezi Aziýa sebitiniň ulag ulgamynyň esasy halkasyna öwürýär.

Bitarap Türkmenistanyň ulag ulgamynda gazanan üstünliklerine we halkara derejede abraýynyň has-da berkemegine aýdyň mysal hökmünde Gahryman Arkadagymyzyň öňe süren başlangyçlary esasynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan birnäçe Kararnamalaryň kabul edilmegini aýratyn bellemek bolar. Şu ýylyň 16-njy maýynda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan 26-njy noýabry «Bütindünýä ulag güni» diýip yglan etmek hakynda Kararnamanyň kabul edilmegi umumadamzat ähmiýetli bu başlangyçlaryň dünýä derejesinde ykrar edilýändigini we goldaw tapýandygyny aýdyň tassyklaýar.

Türkmenistan giň hyzmatdaşlyga gönükdirilen hem-de ähli halklaryň bähbitlerine laýyk gelýän başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň üstünlikli durmuşa geçirilmegine aýratyn ähmiýet berýär. Muňa Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta ugurlary boýunça üstaşyr ulag geçelgeleriniň möhüm şahalary bolan Özbegistan — Türkmenistan — Eýran — Oman, şeýle hem Owganystan — Türkmenistan — Azerbaýjan — Gruziýa — Türkiýe ulag geçelgeleriniň taslamalary hem aýdyň şaýatlyk edýär.

Meňzeş habarlar

Ykdysadyýet Döwrebap ymaratlaryň gurluşygynda
22.07.2025   220
Ykdysadyýet Gowaça bejergisi gyzgalaňly barýar
21.07.2025   314
Ykdysadyýet Göwnejaý işleriň netijesi
29.01.2026   93
Ykdysadyýet Ata kesbine eýeren bagban
15.10.2024   272
Ykdysadyýet Ýaşyl öwüsýän meýdanlar
12.11.2024   243
Ykdysadyýet Möwsüme ykjam taýýarlyk
11.04.2026   58
Ykdysadyýet Daýhan yhlasynyň ajaýyp netijeleri
28.07.2025   176
image